Ï Gallam bar – gaznam bar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gallam bar – gaznam bar

view-icon 58
Gallam bar – gaznam bar

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, Mary welaýatynyň oba hojalykçylary şu günler iň bir jogapkärli döwür bolan galla oragy möwsümine ähli taraplaýyn taýýarlyk görýärler. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasyly guramaçylykly we öz wagtynda ýygnap almakda welaýatda ähli güýçler galla oragy möwsümine gönükdirildi.

Geçen güýzde Mary welaýatynda bugdaýyň welaýatyň toprak we howa şertlerinde ýokary hasyl berýän esasy «Ýolöten-3», «Ýolöten-1», «Alekseýiç», «Bezostaýa-100», «Batko» görnüşleri saýlanyp alnyp, 170 müň gektar ýerde ekiş geçirildi. Şu ýylda welaýatyň gallaçy babadaýhanlary Watan harmanyna 345 müň tonna bugdaý tabşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekdiler. Bugdaýlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilip, bereketli galla hasylyny ýetişdirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny has-da ösdürmek boýunça edýän bimöçber tagallalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän Mary welaýatynyň gallaçylary orak möwsümine welaýatyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynda girişerler. «Maryobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynda bugdaý hasylyny ýygnamakda işlediljek galla orujy kombaýnlar ykjam gözden geçirildi we taýýarlyk hataryna çykaryldy. Şu galla oragy möwsüminde ýygymyň sazlaşykly gitmegini gazanmak maksady bilen önümçilik birleşiginiň welaýatyň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda iş üstünde tehniki hyzmat ediş toparlary döredildi.

Galla oragy möwsüminde welaýatda ýokary öndürijilikli däne orujy kombaýnlarynyň 346-sy işlediler. Welaýatyň oba hojalyk işgärleri oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme taýýarlygyny hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Daýhanlaryň daýanjyna öwrülen oba hojalyk tehnikalaryna aýawly göz bilen garalmagy, olaryň bökdençsiz işledilmegi üçin uly aladalar edilmegi, öňde duran jogapkärli möwsüm bolan bugdaý oragynyň guramaçylykly we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alnyp baryljakdygyna ynam döredýär.

Mary «Gallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan orak möwsüminde ýygnaljak hasyly bökdençsiz kabul etmek we uzak wagt zaýasyz saklamak üçin galla kabul ediş kärhanalaryna degişli kuwwatly elewatorlar we ammarlar taýýar edildi. Hasyl kabul edilende we saklananda kärhanalaryň barlaghana hünärmenleri tarapyndan doly gözegçilik ýola goýulýar. Galla oragy möwsümine welaýatda kabul ediş nokatlarynyň we harmanhanalaryň 45-si döredilipdir. Kabul ediş nokatlarynda doly bejergi işleri geçirilip, abatlanylyp döwrebap elektron terezileri gurnalyp, möwsüme doly taýýar edildi. Däne daşamakda «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň we hususy awtoulaglaryň 1 müň 730-synyň hyzmatyndan peýdalanylar.