Ï Türkmenistanda dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi

view-icon 104

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji iýunyndan nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy.