Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara sene mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Geçirilmegi indi asylly däbe öwrülen bu giň gerimli sport çäresi ilatyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sport medeniýetini ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde soňky ýyllarda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlaryny, ýurdumyzyň türgenleriniň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini görkezmek bolar.
Bütindünýä welosiped güni welosportuň giňden wagyz edilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini-de görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmeginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek.

...«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şu ajaýyp gününde welosipedli ýöriş paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga aldy. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübäreklediler. Soňra medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde sagdyn durmuş ýörelgesini, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlar tamamlanandan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu asylly çärä gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin-de eziz Diýarymyzda bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär.
Mälim bolşy ýaly, welosipedli ýörişler durmuş-ekologik taslamalary goldamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan giň gerimli çäreleriň biridir. Ýurdumyzda hem bu asylly ýörelge mynasyp dowam etdirilip, köpçülikleýin sport çäreleri döwlet derejesindäki möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, welosipedli ýörişleriň yzygiderli guralmagy adamlarda sporta höwesi artdyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini köpçülikleýin derejede dabaralandyrmaga şert döredýär. Sportuň bu görnüşi dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyny berkitmek, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin iň elýeterli hem-de netijeli ugurlaryň biri hasaplanýar. Welosport bilen yzygiderli meşgullanmak raýatlaryň gündelik durmuş işjeňligini artdyrmaga, olaryň medeni taýdan dynç almagyny üpjün etmäge ýardam berýär. Ýaş nesilleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy olaryň geljekde ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir. Çagalardyr ýaşlaryň köpçülikleýin sport hereketine işjeň gatnaşmaklary olaryň sagdyn ösüşine oňyn täsirini ýetirýär hem-de durmuşa kadaly uýgunlaşmagyna itergi berýär.

Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtamak gerek. Hususan-da, döwlet goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz uly üns-alada bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurda durmuşa geçirýän giň gerimli işleri munuň aýdyň mysalydyr. Ýakynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan Döwletliler köşgüniň ýaşlaryna Milli Liderimiziň we haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Munuň özi olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketine işjeň gatnaşmagyna giň ýol açyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, gujur-gaýratly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Şu gün Döwletliler köşgünde terbiýelenýän şol ýaşlar hem Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgat berlen welosipedlerde, hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, welosipedli ýörişe uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Tutuş adamzadyň howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşlerine geçmek möhüm wezipeleriň biridir. Welosiped bolsa ulagyň iň netijeli görnüşleriniň biri bolup, birnäçe artykmaçlyklara eýedir. Welosiped diňe bir ulag serişdesi bolman, eýsem, durnukly we ekologik taýdan arassa durmuş ýörelgesiniň nyşanydyr. Onuň yzygiderli ulanylmagy daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmaga mümkinçilik berýär. Ählumumy ekologik wehimler bilen baglylykda, ulag serişdesi hökmünde welosipede geçilmegi hemmeler üçin sagdyn geljegi döretmegiň ýolunda wajyp ädim bolup durýar. Şeýle köpçülikleýin çäreler ekologik meselelere ünsi çekip, adamlary ulagyň bu peýdaly görnüşini saýlap almaga ruhlandyrýar.

Türkmenistan ekologik abadançylyga durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde garaýar. Ýurdumyz halkara giňişlikde ekologiýa diplomatiýasyny we durnukly ösüşi üpjün etmek barada ähmiýetli başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp, olary iş ýüzünde durmuşa geçirýän döwlet hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň sebit hem-de dünýä derejesinde durnukly ekologik gurşawy kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylyp, milli, sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa wezipelerini çözmäge goşant goşýar. Şeýle hem ýurdumyz daşky gurşawy goramak boýunça halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara goşulmak bilen, bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
...Bellenilen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen dowam etdi. Köpetdagyň dag etekleriniň gözel görnüşleri, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterýär.
Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onda gözellik, oňaýlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inženerçilik-tehniki gazanylanlar, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek esasy wezipe hökmünde kesgitlenendir. Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň röwşen geljeginiň hem berk binýadydyr.
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan sport diplomatiýasy ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ýola goýlan welosport hereketi sebitde we halkara derejede ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň özboluşly serişdesi hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylyp, döwletara gatnaşyklarda medeni diplomatiýanyň ösdürilmegine hem goşant goşýar.
...Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz hem olary bu sport baýramçylygy bilen gutlady we Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik arzuw etdi.
Şeýlelikde, şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygynyň aýdyň güwäsi boldy.