Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 76
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 10-sy kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 51-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 13-si amala aşyryldy.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak üçin türkmen wekiliýeti Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna hem-de onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşmak maksadynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy mejlisine we bu Assambleýanyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy. Saparlaryň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,2 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 1,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim artdy. Şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,1 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 124,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,6 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, topluma häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, önümçilikleri doly kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz işledilmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,7 göterime deň bolandygyny aýtdy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 105,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,3 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,5 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 120,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 120 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 107,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 145,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere edýän hemaýat-goldawy esasynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly girişildi. Balkan, Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 10-njy iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň, gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň pudagyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi, ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegi, galla oragy döwründe bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 130,1 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 106,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 126,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 152,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasyna 130,1 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmagyň, ýurdumyzyň sarp edijilerini, ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 102,7 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 101,2 göterim, gön önümleriniň önümçiliginde 103,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 120 birža söwdasy geçirilip, olarda 12 müň 543 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň bäş aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 11 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,3 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň, topluma degişli kärhanalaryň önümçiligini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere dokma önümleriniň möçberini, görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri ilerletmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler, dabaralar guraldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň Arkadag we Aşgabat şäherleri, Ahal, Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, Gurban baýramy mynasybetli medeni çäreler geçirildi. TÜRKSOÝ-yň opera günleri ýokary derejede guraldy. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda bolup, halkara medeni çärelere, şol sanda festiwallara, okuw maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň döredijilik işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen Aziýanyň açyk çempionatyna we onuň çäklerinde guralan “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşdylar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, kitaphanalar, muzeýler, teatrlar tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň iýun aýynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň, medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn wagyz etmek boýunça zerur işleri geçirip durmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar we talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 871 medal gazandylar. Halkara olimpiadalar, ylmy-amaly maslahatlar geçirildi, çagalaryň tomus möwsüminde dynç alşy bilen bagly guramaçylyk işleri alnyp baryldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Aspirantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 116 adam kabul edildi, doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalarynyň jemi 31-si goraldy.

2026-njy ýylyň bäş aýynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa” tassyklanyldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 301 medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalara höweslendirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary sporta giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň bäş aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16 — 19-njy fewralynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 18-19-njy martynda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelinde Awstriýa Respublikasyna, 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, 16-17-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparlary guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 21-22-nji aprelinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martynda bolsa Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 293 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 528 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 216-sy geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 909-sy guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 60-sy bilen ýetirildi.

Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikler geçirildi.

2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.

Daşary döwletleriň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ilerletmek babatdaky işler hem dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,2 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 122,7 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 104,9 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagy, toplumyň maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.