«Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy däp-dessur boýunça täze açyşlaryň we aýdyň wakalaryň meýdançasy bolup hyzmat edýär. Şu ýyl sergä gelenleriň we pudaklaýyn hünärmenleriň ünsüni «Anna Kor» haryt nyşany özüne çekdi. Onuň esaslandyryjy, türkmen dizaýneri Anna Korostowa özüniň ilkinji giň gerimli lybaslar toplumyny köpçülige görkezdi. Bu toplumda türkmen milli däp-dessurlary we döwrebap ýewropa ugurlary özboluşly sazlaşykda utgaşýar.
Anna üçin bu görkeziliş ilkinji uly ädim boldy. Onuň bu ugra tarap ýoly bolsa heniz çagalyk döwründen başlanypdy.
– Mende moda bolan söýgi çagalygymda döredi. Ilki başda men çyzgylar edýärdim, ýedi ýaşymdan başlap bolsa tikin tikip başladym. Şunda men geljekde kim boljakdygymy elmydama anyk bilýärdim – diýip, dizaýner ýatlaýar.
Çagalykdaky bu höwes wagtyň geçmegi bilen tejribe we çuňňur hünär gyzyklanmasy bilen baýlaşdy. Anna konstruktor hünäri boýunça ýörite bilim aldy, soňra bolsa marketing we dolandyryş ulgamynda ýokary bilim almak bilen öz ukybyny has-da berkitdi. Döredijiligiň we takyk hasaplamanyň utgaşmagy oňa diňe bir lybaslary döretmän, eýsem öz hususy haryt nyşanynyň berk binýadyny tutmaga hem mümkinçilik berdi.
Ilkinji lybaslar toplumyna simwoliki manyly «Anew» diýen at berildi. Bu sözde dizaýneriň Watana bolan söýgüsini we geljege bolan garaýşyny birleşdirýän inçe many jemlenendir.
– Bir tarapdan, «Anew» – meniň hemişe ylham çeşmäm bolan eziz Änew şäherimdir. Beýleki tarapdan bolsa, iňlis dilinden terjime edilende «a-new» – «täze başlangyç» diýmekdir, bu bolsa uly döredijilik ýolunyň başlanmagyny has aýdyň görkezýär – diýip, Anna gürrüň berdi.
«Anna Kor» stiliniň baş aýratynlygy dürli ugurlaryň bir bitewi kompozisiýada batyrgaý we sazlaşykly utgaşdyrylmagydyr. Ýewropa modasynyň ugurlaryny yzygiderli öwrenmek bilen, Anna olara Türkmenistanyň baý medeni mirasyny siňdirýär. Lybaslar boýunça hünärmen ýewropa nusgalarynyň inçe hem-de nepis keşplerini milli öwüşginli nagyşlar bilen ussatlyk bilen utgaşdyrmagy başarýar.
Toplumyň esasyny zenan köýnekleri, ýubkalar we bluzalar emele getirýär. Moda dizaýneriň döredijiliginde ýokary hilli milli matalar bilen işlemek aýratyn orun tutýar.
– Meniň iň gowy görýän matalarym özüniň baý nagyşlary we ajaýyp gurluşy bilen tapawutlanýan mahmal we panbarhatdyr. Milli zenan lybaslaryny döwrebap derejede işlänimde men hut türkmen panbarhady bilen işleýärin. Ýene bir rowaýaty matamyz elde dokalan keteni hem meniň ýygyndymda öz ornyny tapdy. Birnäçe özboluşly köýnekler keteniden tikilip, olaryň gadymy keşbini has-da aýdyňlaşdyrýan inçe el keşdeleri bilen bezeldi – diýip, dizaýner belledi.
Annanyň öňki işleriniň görkezilişleri döredijilik meýdanyndaky şu uly ädimiň diňe bir başlangyjydyr. «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergisinde «Anew» lybaslar toplumynyň tanyşdyrylmagy Türkmenistanyň döwrebap lybaslar sahnasynda öz milli köklerini unutman, ýokary moda dilinde gürleýän täze, geljegi uly bolan dizaýneri ýüze çykardy.