Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 72
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şeýle hem önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagynyň, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý oragy dowam edip, möwsümde däne ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime galla hasylyny ýygnap almak işlerini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edip, häzirki wagtda ösüş suwuny tutmak işlerine girişildi. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda şaly ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi gysga wagtda tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime galla oragy möwsümini ýokary hilli geçirmek üçin guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, şeýle hem bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklar berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şaly ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häkime daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça işleri gözegçilikde saklamagy, gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda gant şugundyrynyň ekiljek ýerleri kesgitlenilip, häzirki wagtda meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň we bu ugurda alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edip, orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, şeýle hem döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmekde zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly ekişi dowam edip, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi hem-de wise-premýere häzirki wagtda dowam edýän galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we galla oragyny ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.