Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz Gutlag hatynda belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň halkara giňişlikde özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belläp, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.