Ï Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada

view-icon 178

2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar sebit we halkara gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.