Ï Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýeralma hasylyny ýygnamaga girişdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýeralma hasylyny ýygnamaga girişdiler

view-icon 66
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýeralma hasylyny ýygnamaga girişdiler

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 8 müň 800 gektar meýdana ýeralma ekildi. Häzirki wagtda ilkinji bolup Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl Abadançylyk» daýhan birleşiginiň daýhanlary 345 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen ýeralma hasylyny ýygnamaga girişdiler we olar ýokary görkezijili hasyl almagy maksat edinýärler. G.Atamedow adyndaky daýhan birleşiginde ýeralma ekilen meýdan birneme az bolsa-da, bu ýerde azyndan 840 tonna ýeralma hasylyny almagy meýilleşdirilýär.

S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda hem ýeralma hasylyny ýygnamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýyl etrapda 500 gektar meýdanda ýeralma ösdürilip ýetişdirildi. Daýhanlar her gektardan azyndan 140 sentner hasyl alyp, jemi 7 müň tonnadan gowrak gymmatly önüm taýýarlamagy göz öňünde tutýarlar. Şeýle hem etrabyň beýleki birnäçe daýhan birleşiklerinde ýeralmany ýetişdirmek boýunça baý tejribe toplanyp, olar her ýyl meýilleşdirilen görkezijileri üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Soňky ýyllarda welaýatyň oba hojalykçylary ýokary hasylly, kesellere durnukly we ýerli şertlere laýyk gelýän ýeralma görnüşlerini saýlap almak, şeýle hem suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak arkaly yzygiderli gowy netijeleri gazanýarlar. Sebitiň hünärmenleri ýerli toprak-howa şertlerinde özüni oňat görkezen ýeralma görnüşlerine aýratyn ähmiýet berýärler.