Ï Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda

view-icon 67

Türkmenistanyň ykdysady syýasaty hususy başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamaga, önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 5-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-njy ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça beýan edilenler milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine döwlete dahylly bolmadyk pudagyň uly goşant goşýandygyny, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň işewürleriniň ähli gazananlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýän şu ýylyň esasy maksatlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu şygar döwletimiziň ösüşiň, innowasiýalaryň we iri özgertmeleriň ýoly bilen okgunly öňe barýandygynyň beýanyny özünde jemleýär. Şunda kuwwatly we giň gerimli eýeçilik düzümlerini döretmekde hususy telekeçilige möhüm orun degişlidir.

Ýanwar — maý aýlarynyň makroykdysady görkezijileri söwda we senagat ulgamynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny görkezýär. Hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy. Bu görkezijiler ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň derejesiniň we bazarlaryň gündelik sarp edilýän harytlar bilen netijeli üpjün edilýändiginiň beýanydyr.

Strategik meýilnamalarda dokma senagatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Pudagyň kärhanalary ýakyn arabaglanyşyk esasynda işleýärler. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle oňyn görkezijiler tehniki binýadyň ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagynyň netijesi bolup durýar.

Nah ýüplük we gön önümçilikleri üstünlikleriň möhüm bölegini emele getirdi. Nah ýüplügiň we nah matalaryň önümçiliginde, degişlilikde, 102,7 göterim we 101,2 göterim, gön önümleriniň önümçiliginde 103,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. Telekeçiler daşary ýurtly kärdeşleri bilen üstünlikli bäsleşmek bilen, bu ýokary hilli çig maly taýýar egin-eşikleri tikmekde, döwrebap lybaslary taýýarlamakda, aýakgap önümçiligi senagatyny ösdürmekde işjeň ulanýarlar.

Milli halyçylyk mirasymyzy giňden dowam etdirýän pudak hem oňyn ösüş depginini görkezdi. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim ýerine ýetirildi. Türkmen zenanlary içerki we daşarky talaplary ödeýän, ajaýyp gölli el halylaryň dokalýan möçberlerini artdyryp, gadymy halyçylyk däplerini aýawly saklaýarlar.

Daşary ykdysady işjeňlik we bazary dolandyrmagyň gurallary Döwlet haryt-çig mal biržasynyň netijeli işinde hem öz beýanyny tapýar. Hasabat döwründe 120 birža söwdasy geçirilip, olarda 12 müň 543 şertnama hasaba alyndy. Iri möçberli geleşikler ýurdumyzda öndürilýän önümlere dünýä giňişliginde uly isleg bildirilýändigine we ýerli eksport edijileriň ählumumy bazar gatnaşyklaryna işjeň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we giňeltmäge itergi berýän, milli haryt nyşanlarynyň ilerledilmegine ýardam edýän möhüm döwlet düzümi bolup durýar. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe döwlete dahylly bolmadyk pudagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak we ara alyp maslahatlaşmalar üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eden 11 sergi, 5 maslahat geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi işewürlik bileleşigini kemala getirýän esasy düzüm bolup durýar. Birleşmäniň statistiki görkezijileri işewürligiň ösüşiniň oňyn häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 107,2 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 107,3 göterime deň bolmagy, oba hojalyk we azyk önümçilik kuwwatlyklarynyň sazlaşykly pugtalandyrylýandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisde ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk toplumynda işleri üstünlikli ilerletmek bilen, içerki islegleri kanagatlandyrýarlar. Ýylyň ähli paslynda ter gök-bakja önümleri ýetişdirmegi ugur edinýän döwrebap ýyladyşhana hojalyklarynyň döredilmegi gök önümleri daşary ýurtlardan getirmek zerurlygyny aradan aýryp, eksport önümleri arkaly pudagyň girdejili ugur bolmagyna getirdi.

Maldarçylyk we guşçulyk pudaklarynda hem oňyn ösüş gazanylýar. Ýeňillikli karzlaryň hasabyna mallaryň ýokary önüm berýän görnüşleriniň we öňdebaryjy inkubator enjamlarynyň satyn alynmagy halkara ölçeglere doly laýyk gelýän süýt önümleriniň möçberleriniň, peýnir, ýogurt, et önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik döredýär. Döredilen iri toplumlarda iýmlemek we howa gurşawyny dolandyrýan awtomatlaşdyrylan ulgamlardan peýdalanylýar. Munuň özi döräp biljek töwekgelçilikleriň derejesini peseldip, ýylyň ähli wagtynda ýokary önümçiligi kadaly üpjün edýär.

Azyk senagatynda süýji-köke we gaplanan önümleriň görnüşleri düýpli artdy. Miwe, ir-iýmiş we bakja önümleri ýaly ýerli çig malyň ulanylmagy özüne düşýän bahasy az bolan bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň içerki, şeýle hem daşarky bazarda uly islege eýe bolmagyny üpjün edýär.

Alkogolsyz içgileriň, miwe we içimlik suwlaryň önümçiligi hem içerki bazaryň isleglerine doly laýyk gelýär. Ýerli kärhanalar önümçilikde suwy arassalaýan we guýýan häzirki zaman enjamlaryny ulanyp, ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gaplarda ýokary hilli önümleriň köpdürli görnüşlerini alyjylara hödürleýärler.

TSTB-niň senagat ugry gurluşyk serişdeleri ulgamynda üstünliklere eýe bolýar. Häzirki wagtda hususy kärhanalar ýurdumyzdaky gurluşyk meýdançalaryny ýokary hilli sement, kerpiç, metal däl önümler, izolýasiýa serişdeleri, dürli ölçegdäki turbalar bilen üpjün edýär. Importyň ornuny tutýan şeýle önümler ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna sarp edilýän çykdajylary ep-esli azaltmaga şert döredýär.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ýaşaýyş jaý we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy doly diýen ýaly milli kompaniýalara ynanylýar. Iri binagärlik taslamalarynyň baş potratçylary bolup çykyş edýän bu kärhanalar ýokary derejeli hünärmenleriň kömegi bilen gurluşyk işlerini öz wagtynda amala aşyryp, çylşyrymly inženerçilik çözgütlerini ulanmakda tejribelerini barha kämilleşdirýärler.

Himiýa senagatynda ugurdaş gazlaryň we mineral serişdeleriň gaýtadan işlenilmegi bilen harytlaryň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýulýar. Plastik gaplaryň, polimer bezegleriň, hojalyk himiýasyna degişli we gaplama önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Pudagyň ýokary girdejililigi maliýe serişdeleriniň tygşytlanylmagyna ýardam edýär.

Hyzmatlar ulgamy sanlylaşdyrma işleriniň geçirilmegi netijesinde düýpli özgertmeleri başdan geçirýär. Ýurdumyzda milli onlaýn söwda we tiz eltip bermek hyzmatlaryny hödürleýän sanly meýdançalar, sanly töleg we elektron ulgamlar işjeň ösdürilýär. Munuň özi ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyryp, söwda işini has aýdyň görnüşe getirýär.

Ulag-logistika ulgamy ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalar häzirki zaman ýük awtoulaglaryny işjeň satyn alyp, ammar ulgamlaryny giňeldýärler hem-de ýük akymlaryny dolandyrmagyň «akylly» ulgamlaryny döredýärler. Munuň özi halkara geçelgelerde ýükleriň daşalyşynyň çaltlandyrylmagyny şertlendirýär.

Mebel önümçiliginde ýerli kärhanalar eýeleýän orunlaryny barha pugtalandyrýarlar. Kärhanalar öňdebaryjy dizaýnerçilik çözgütlerini ulanmak arkaly ýumşak, ofis we agaç mebelleri taýýarlaýarlar. Bu önümler uzak möhlete çydamlylygy, daşky bezeginiň göze gelüwliligi we amatly bahasy bilen tapawutlanýar.

Lukmançylyk we dermanhana ulgamynda iş alyp barýan hususy telekeçiler umumy abadançylygyň bähbidine goşant goşýarlar. Döwrebap enjamlar ornaşdyrylan keselleri anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hem sargy serişdelerini, ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda derman serişdelerini öndürýän kiçi önümçilikler döredilýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen telekeçileriniň tebigy ösümlik garyndysynyň binýadynda arassaçylyk we kosmetika önümleriniň önümçiligini hem ýola goýandygyny bellemek gerek. Netijede, bahanyň we hiliň özara sazlaşygy oňyn seslenmä eýe bolýar.

Ekologiýa we galyndylary gaýtadan işlemek ulgamy alnyp barylýan işleriň möhüm ugry bolup durýar. Plastik gaplary, kagyzlary we ulanyşdan aýrylan awtoulag tigirlerini aýry-aýrylykda ýygnaýan tehnologiýalar döredilýär. Munuň netijesinde toplanan çig mal şäher gurşawyny abadanlaşdyrmakda we jemagat hojalyklarynyň zerurlyklary üçin giňden ulanylýar.

Hususy tikinçilik kärhanalary gadymy keşdeçilik bezegleriniň we häzirki zaman biçüwleriniň sazlaşykly utgaşýan lybaslar toplumlaryny döredýärler. Şeýle lybaslar milli moda sungatynyň ýokary halkara abraýyna eýe bolmagyny üpjün edip, meşhur görkezilişlerde köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu, öz gezeginde, gaýtalanmajak tikinçilik önümleriniň eksportyna itergi berýär.

Ýurdumyzyň telekeçileri oba ýerlerinde we welaýat merkezlerinde müňlerçe iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýärler. Kiçi önümçilikleriň döredilmegi ýerli ilaty ykdysady işe çekmäge, girdejileriň artmagyna we Watanymyzyň toplumlaýyn gülläp ösmegine şert döredýär.

Işewürlige döwlet tarapyndan giň gerimli institusional goldawlar berilýär. Salgyt gatnaşyklarynyň ýeňilleşdirilmegi, ýokary tehnologiýalar we enjamlar getirilende gümrük ýeňillikleriniň berilmegi, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi maýa goýumlaryň uzak möhletleýin esasda goýulmagyny höweslendirýän amatly gurşawy emele getirýär.

Ýurdumyzyň maliýe ulgamy hususy başlangyçlary goldamaga gönükdirilendir. Täjirçilik banklary işewür toparlar üçin ýörite hyzmatlary işläp taýýarlap, hususy başlangyçlary maliýeleşdirmek, hereket edýän önümçilikleri giňeltmek, patentleri almak üçin ýeňillikli esasda we şertlerde karz serişdelerini hödürleýärler.

Ýaşlar telekeçiligini ösdürmek TSTB-niň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlara maglumat tehnologiýalary, döredijilik, bilim we maslahat beriş ugurlarynda öz başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam berýän ýöriteleşdirilen işewürlik we hünär kämilleşdiriş okuwlary guralýar.

Kärhanalarda ISO hil standartynyň ornaşdyrylmagy halkara bazarlara çykmak üçin hökmany şertdir. Hususy pudagyň köp sanly kärhanalarynyň bu sertifikatlaşdyryş ulgamyndan geçmegi olaryň öndürýän önümleriniň howpsuzdygyny tassyklamak bilen, daşary ýurtlaryň söwda ulgamlaryna goşulyşmaklaryny ýeňilleşdirýär.

Innowasiýa işjeňligi programma üpjünçilikleriniň işlenilip taýýarlanylyşynda öz beýanyny tapýar. Bu işde ýokary tehnologiýalar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň iri kärhanalaryna möhüm orun degişlidir. Şolaryň hatarynda milli IT ulgamyna we sanly özgertmelere işjeň gatnaşyjylar bolan «Akylly Tilsimat» bilelikdäki kärhanasyny we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetini görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, hususy pudagyň wekilleri «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Döwrebap Arkadag şäherinde döredilen şertler bu babatda aýdyň mysallaryň biridir. Milli gurluşykçylar şäherde energiýa netijeliligi ýokary bolan ulgamlary döredip, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden peýdalanýarlar hem-de täze görnüşli we oňaýly, ýokary tehnologiýalara esaslanýan şäher gurşawyny kemala getirýärler.

Myhmansöýerlik we syýahatçylyk däpleri ýurdumyzda bar bolan mümkinçilikleriň esasynda işjeň ösdürilýär. Häzirki zaman myhmanhanalarynyň, dynç alyş zolaklarynyň gurulmagy, ýurdumyzyň gözel taryhy we tebigy künjeklerine gezelençleriň guralmagy hyzmatlaryň hem-de dynç alşyň hilini düýpli ýokarlandyrýar.

Ylmy edaralaryň we işewürleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk tehnologik işläp taýýarlamalary iş tejribesine dessin ornaşdyrmaga ýardam berýär. Telekeçiler tohumlaryň seçgiçiligi we azyk ekinleriniň önüm berijiligini ýokarlandyrmak hem-de suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak babatdaky amaly barlaglara uly gyzyklanma bildirýärler.

Hususy pudagyň esasy ugurlarynyň biri hem gaplama senagatynyň ösdürilmegidir. Kagyz kartonlaryň, agaçdan poddonlaryň we ýylylygy saklaýan plýonkalaryň taýýarlanylmagy ýurdumyzda öndürilýän önümleriň asyl durkuny hem-de hilini saklamak bilen, islendik aralyga daşalanda ygtybarly goraglylygy üpjün edýär.

Haryt bolçulygyny üpjün etmek we önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegi öndürilýän önümleriň hiliniň has-da gowulandyrylmagyna itergi berýär.

17 — 19-njy martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen giň gerimli sergi möhüm waka boldy. Bu çäre importyň ornuny tutýan täzeçil harytlaryň görkezilmegi we milli önüm öndürijileriň täze maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin möhüm meýdança hökmünde hyzmat etdi.

Sergi bilen ugurdaş «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi. Ol daşary ýurt wekiliýetleriniň, maýadarlarynyň we iri maliýe düzümleriniň ýüzlerçe wekilini bir ýere jemledi. Döwlet we hususy düzümleriň hyzmatdaşlygyny giňeltmek, senagat toplumyna innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de sebitde azyk howpsuzlygyny berkitmek forumda esasy üns berlen meseleler boldy.

Aprel aýynda Söwda-senagat edarasynda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi, Türkmen-hytaý işewürler forumy hem-de ýöriteleşdirilen sergi geçirildi. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň hususy düzümleri senagat kärhanalaryny sanlylaşdyrmak babatda bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Agrotehnikada bilelikde ylmy-barlaglary we başlangyçlary meýilnamalaşdyrmak gepleşikleriň möhüm ugruny düzdi.

«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi maý aýynda ýurdumyzda geçirilen gaplaýyş senagatyna we azyk tehnologiýalaryna bagyşlanan esasy çäreleriň biri boldy. Hususy kärhanalar sergide degişli halkara ekologiýa ölçeglerine gabat gelýän taýýar gaplaýyş çözgütleri bilen tanyşdyrdylar. Munuň özi türkmen işewürleriniň dürli görnüşli gaplar bilen içerki bazary doly üpjün etmäge we daşary ýurtly kärdeşleri bilen üstünlikli bäsleşmäge ukyplydygyny tassyklaýar. Gözden geçiriliş diňe bir ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ugurda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň mümkinçiliklerini hem doly açyp görkezdi.

Iýun aýynyň başynda geçirilen «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka ýurdumyzda işewürlik babatda şu ýylda meýilleşdirilen iri çäreleriň hatarynda boldy. Bu iri gözden geçirilişde taýýar lybaslary we dokma önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň alyp barýan işleri dünýäniň moda senagatynyň öňdebaryjy bilermenleriniň, şol sanda Ýewropanyň moda ugruna ýöriteleşen habar beriş serişdeleriniň ünsüni çekdi.

Türkmen işewürleri daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän orunlaryny barha ýokarlandyrýarlar. Ýurdumyzyň öndürýän önümleri «GLOBAL G.A.P.» standartyna gabat gelýän oba hojalyk toplumynda gazanylýan üstünlikler daşary ýurtlaryň işewür toparlarynda uly gyzyklanma döredýär. Bu standarty ornaşdyran hususy telekeçiler özleriniň ýokary hilli önümlerini Ýewropa Bileleşiginiň, Hytaýyň we BAE-niň talapkär bazarlaryna göni ibermäge mümkinçilik alýarlar.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şu ýylyň bäş aýynda hususy pudagyň importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmekde hem-de halkara söwda işine goşulyşmakda gazanan uly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň işewürleriniň bazarlarda azyk bolçulygyny döretmekde, senagat pudagyny ilerletmekde we Watanymyzyň gülläp ösmeginde kuwwatly itergi beriji güýje öwrülendigini aýdyň tassyklaýar.