Ï Aşgabatda Türkmenistan–Malaýziýa energetika hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistan–Malaýziýa energetika hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

view-icon 121
Aşgabatda Türkmenistan–Malaýziýa energetika hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär
Aşgabatda Türkmenistan–Malaýziýa energetika hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär
Aşgabatda Türkmenistan–Malaýziýa energetika hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär
Aşgabatda Türkmenistan–Malaýziýa energetika hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýöriteleşdirilen sergi 19–20-nji iýunda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär. Bu çäre döwlet düzümleriniň wekillerini, iri energetika kompaniýalaryny we pudak hünärmenlerini bir ýere jemleýän halkara maksatnamanyň möhüm bölegi bolup durýar.

Sergide türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk taryhyndaky esasy tapgyrlar şöhlelendirilip, uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak, deňiz infrastrukturasyny ösdürmek, gazy gaýtadan işlemek, nebithimiýa senagaty, sanly özgertmeler hem-de hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynda durmuşa geçirilýän öňdebaryjy tehnologiýalar we geljegi nazarlaýan taslamalar tanyşdyrylýar.

Sergä dünýäniň energetika pudagynda öňdebaryjy orun eýeleýän “PETRONAS”, SLB (Schlumberger), “Halliburton”, “Dragon Oil”, “Malaysia Petroleum Resources Corporation” (MPRC) we “Malaysia Marine and Heavy Engineering” (MMHE) kompaniýalary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet energetika kärhanalary, ylmy-barlag edaralary we ýöriteleşdirilen bilim ojaklary gatnaşýar.

Sergi “Türkmenistan–Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň 30 ýyly” atly Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş geçirilýär. Forum ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny, maýa goýum mümkinçiliklerini, Türkmenistanyň Hazar deňzindäki milli pudagynda uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meselelerini, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Gaz infrastrukturasyny ösdürmäge hem-de energiýa bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga dünýäde gyzyklanmanyň artýan şertlerinde bu çäre Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, şeýle hem milli nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary we maýa goýumlary çekmäge ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.

Işewür toparlaryň wekilleri, alymlar we pudak hünärmenleri üçin açyk bolan sergi myhmanlara tehnologiýa boýunça gazanylan täze üstünlikler hem-de Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny kemala getirýän strategik taslamalar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.