Ï Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar

view-icon 108
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň häzirki zaman strategiýasy uzak möhletleýin meýilleşdiriş, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, degişli infrastrukturany çuňňur döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Energetika bazarlarynyň ählumumy özgerýän döwründe uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde wagtyň synagyndan geçen ygtybarly halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň öňdebaryjy korporasiýalarynyň arasyndaky köpýyllyk netijeli dialog şu ýörelgelere laýyklykda ösdürilýär. Özara gatnaşyklaryň häzirki tapgyry taryhy waka — Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi bilen dabaralandyryldy. Bu forum diňe bir köp ýyllaryň dowamynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijelerini jemleýän waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geljek onýyllyklar üçin gatnaşyklaryň binýadyny kemala getirmekde strategik meýdança bolup çykyş edýär. Şeýle iri çäräniň guralmagy taraplaryň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandyklaryny aýdyň görkezýär.

Bu ýöriteleşdirilen maslahaty geçirmek baradaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Liderine degişlidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen geçiren duşuşygynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäklerinde türkmen-malaý gatnaşyklaryna bagyşlanan serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Malaýziýaly hyzmatdaşlar tarapyndan bu teklibiň goldanylmagy Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň halkara abraýynyň belentdigini nobatdaky gezek subut etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmaklary forumyň aýratyn ähmiýetini we onuň ýokary halkara derejesini tassyklaýar. Munuň özi gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge güýçli itergi berip, täze taslamalara giň ýol açýar, ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini görkezýär.

Maslahatyň plenar mejlisinde çykyş etmek üçin, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, geçirilen netijeli gepleşikler, şeýle hem şu maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, munuň nebitgaz pudagyndaky türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini görkezýändigini belledi. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky uzak möhletli ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynda örän möhüm şert bolup hyzmat edýär. Şu ýyl nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýar.

“Bu işde «PETRONAS» kompaniýasynyň uly orny bardyr. Bu düzüm ýurdumyzda işlän ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň nebit we gaz senagatyna 12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumyny goýdy. «PETRONAS» häzirki döwürde türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda abraýa we hormata eýe bolup, netijeli, sazlaşykly işleýär. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine, ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýar” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, kompaniýanyň ýolbaşçylaryna hem-de onuň ýurdumyzda işleýän işgärlerine bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýokary ussatlyklary, yhlasly, tutanýerli zähmet çekýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde örän köp işler amala aşyryldy. Hyzmatdaşlygyň düýpli şertnama binýady döredildi. Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda önüm çykarmagyň durnukly ösüşi gazanyldy. Şu maksat bilen, deňizde 5 sany platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, baha beriş we ulanyş guýusy burawlanyldy. Bu ägirt uly işleriň netijesinde, häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriniň uly gorlary açyldy. Bu ugurda «Magtymguly», «Diýarbekir», «Garagöl Deňiz» ýaly ýataklar özleşdirilýär. Ýakyn wagtda «Öwez», «Maşrykow» ýataklaryny hem senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär.

“Hazar deňzinde bilelikde işlenen ýyllarda 44 milliard kub metrden gowrak gazyň, 16 million tonna suwuk uglewodorodyň çykarylmagy «PETRONAS» kompaniýasy bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň gazanan möhüm üstünlikleriniň biri boldy. Hazar deňziniň türkmen kenarynda malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işlemegiň esasynda gaz taýýarlaýan zawod we kenar gaz terminaly, deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desga guruldy. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Malaýziýa nebitgaz pudagynda giň gerimli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şu günki gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady has-da berkidildi” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we türkmen-malaý nebitgaz hyzmatdaşlygynyň täze giň gerimli hem-de many-mazmunly tapgyryna gadam basylandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere başlanjakdygyny, 11-nji, 12-nji, 13-nji, 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki işlere girişmek arkaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Malaýziýa nebitgaz pudagynda uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygy has-da berkidýärler. Iki tarap hem bu işleri giňeltmek, hil taýdan ösdürmek üçin zerur bolan syýasy, hukuk, guramaçylyk we beýleki mümkinçilikleri döreder.

“Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýa şu gezekki gepleşikleriň dowamynda nebitgaz pudagynda alnyp barylýan bilelikdäki işlerde özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň örän ýokary derejesini gazandylar. 30 ýyl mundan ozal nebitgaz pudagynda başlanan türkmen-malaý hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we häzirki döwürde onuň täze ösüşe, uly geljege eýe bolýandygyny, munuň Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň umumy üstünligidigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz malaý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işini goldaýandygy üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, maslahata gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenistanyň we Malaýziýanyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de hemmelere üstünlikleri, täze sepgitleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime söz berildi. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri çykyşynyň başynda Malaýziýanyň halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize, Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk halkyna hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara ynanyşmak, hormat goýmak, umumy ösüşe tarap ymtylmak gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi sapary taryhy we şanly waka boldy. Bu saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga bolan ygrarlylygymyzy tassykladyk. Nebitgaz ulgamy biziň gatnaşyklarymyzyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, biz hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýäris. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, talyp alyşmalaryny işjeňleşdirmäge, beýleki möhüm ugurlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygymyzy tassykladyk. Şu ýyl taryhy sene — «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň 30 ýyllygy bellenilýär. 1996-njy ýyldan gözbaş alýan bu strategik hyzmatdaşlyk häzirki döwürde iň ýokary derejä göterildi” diýip, Anwar Ibrahim aýtdy we hormatly Prezidentimiziň hut özüniň yzygiderli goldawynyň, aýratyn ünsüniň netijesinde şeýle üstünlikleriň gazanylandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

“30 ýylyň dowamynda «PETRONAS» Türkmenistanyň düzümlerini ösdürmäge, şol sanda nebitgaz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga saldamly goşant goşdy. Bu üstünlik iň esasy binýada — ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine esaslanýar. Tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak iki döwlet üçin hem wajyp ähmiýete eýedir. Şu günki günde Türkmenistan we «PETRONAS» hakyky, ygtybarly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny bütin dünýä äşgär edýärler. Şu gün ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi özara gatnaşyklaryň täze tapgyryna gadam basylandygynyň güwäsi bolup durýar” diýip, Malaýziýanyň Premýer-ministri aýtdy we beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,//Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar» diýen şahyrana setirleriniň şu gezekki duşuşygyň düýp manysyny şöhlelendirýändigini nygtady.

Anwar Ibrahim bu sözleriň Malaýziýanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň ruhy jebisligini iň gowy ýagdaýda subut edýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimize we türkmen işewürliginiň wekillerine ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Plenar mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri bilelikde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de belent mertebeli myhman ilki Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan pawilýona bardylar. Bu ýerde kompaniýanyň wekili hyzmatdaşlygyň esasy netijeleri, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemek ulgamynda bilelikde durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin taslamalaryň barşy barada giňişleýin maglumat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Premýer-ministr Malaýziýanyň bu iri kompaniýasynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berip, gazanylan tejribäniň senagat taýdan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin berk binýat bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.

Sergide Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Malaýziýanyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň giň möçberli ekspozisiýalary ýerleşdirilipdir. Sergide ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň pawilýonlary wekilçilik etdi. Olarda nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Gözden geçirilişde Gurluşyk we binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Aragatnaşyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň diwarlyklary-da ýerleşdirilip, olarda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanýan üstünlikleri görkezildi.

Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri telekeçi zenanyň diwarlygyny synladylar. Telekeçi zenan belent mertebeli myhmana alyp barýan işleri, türkmen halysynyň aýratynlyklary, taryhy, görnüşleri we ony dokamagyň usullary barada gürrüň berdi. Ol myhmany sarpalamagyň halkymyzyň asylly däpleriniň biridigini aýtdy hem-de Anwar Ibrahime elde dokalan ýüpek halyny sowgat berip, ony belent mertebeli myhmana gowşuryp bermegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Şeýle-de telekeçi zenan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize elde dokalan haly horjuny sowgat hökmünde gowşurdy.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar.

Forumyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime maslahata gatnaşandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat 30 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nusgalyk häsiýete eýedigini aýdyň subut etdi. Maslahatyň dowamynda beýan edilen pikirler hem-de teklipler taraplaryň häzirki zamanyň möhüm tehnologik, ekologik wezipelerine bilelikde netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny nobatdaky gezek tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy boýunça guralan hem-de iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bilen kuwwatly itergi alan bu halkara maslahatyň netijeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge ýardam eder.