Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan 320 müň tonna pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler. Welaýatda ekiş möwsümine taýýarlykly gelinmegi, bu jogapkärli möwsümiň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegi gowaça ekilen ýerlerde kadaly gögerişiň gazanylmagyny üpjün etdi. Şeýle hem sebitde şu oba hojalyk ýylynda gowaçanyň «S-2606», «Ýolöten-39», «Ýolöten-7», «Ýolöten-53», «Garaşsyzlyk-30» hem-de synag üçin «Buhara-8», we «Buhara-10» görnüşleriniň ekilendigini, gowaçalara ideg edilende olaryň aýratynlyklarynyň hasaba alynýandygyny-da aýdyp geçmek bolar.
Häzirki wagtda sebitde ýaýylyp ýatan meýdanlara görk berip, gününi sanap öçýän gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ideg etmek işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu işde ýokary öndürijilikli tehnikalaryň we kämil oba hojalyk gurallarynyň hem-de tirkegleriniň netijeli peýdalanylmagy işleriň barha ilerlemegine ýardam edýär. Pagtaçy-kärendeçileriň yhlasly zähmeti we tehnikalaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegi netijesinde gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Mehanizatorlardan ýokary ussatlygy talap edýän bu möhüm agrotehniki çäräniň ýokary hil derejesinde geçirilýändigini belläp geçmek maksada laýykdyr. Gowaça bejergisinde tehnikalaryň gurat we saz işledilmeginde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigine we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalaryna hem aýratyn paý degişlidir. Ýurdumyzyň esasy oba hojalyk ekini bolan gowaçanyň bol hasylyny kemala getirmek onuň suwarylyşyna hem köp derejede bagly bolup durýar. Hut şu ýörelgeden ugur alýan welaýatyň pagtaçy babadaýhanlary bu möhüm ugra aýratyn üns berýärler. Häzirki wagtda welaýatyň gowaça meýdanlarynda 3-nji suw tutmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Welaýat boýunça gowaçalary zyýankeşlerden goramak, şeýle hem gowaçalary haşal otlardan arassalamak işleri hem utgaşykly dowam etdirilýär. Geljekki hasylyň ykbaly kesgitlenilýän häzirki wagtda gowaçalara ideg etmek işleriniň Halaç, Çärjew, Saýat etraplarynda has-da guramaçylykly alnyp barylýandygyny bellemek bolar.
Ýurdumyzyň Gündogar sebitiniň gowaça ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylýan işler lebaply pagtaçy-kärendeçileriň öz öňlerinde goýan belent maksatlaryna ynam bilen ýetjekdiklerine, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrjakdyklaryna şaýatlyk edýär.