Ï Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy giňeldiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy giňeldiler

view-icon 62
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy giňeldiler

Nebitgaz pudagy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu mesele Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri boldy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň işine ýokary baha berip, ony Türkmenistanyň energetika pudagyndaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda uzak möhletleýin iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylandygyny aýtdy. Olaryň esasynda «Petronas» kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, şeýle hem Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözleg işlerini geçirmek boýunça giň gerimli işler başlanar.