Ï Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

view-icon 138

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enäniň we çaganyň saglygyny goramak, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama we şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.