Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni şatlykly pursatlara, ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu bolsa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän medeni baýramçylygyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ornuny has-da artdyrýar. Hepdeligiň çäklerinde guralýan çäreler milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten derejesini giňden beýan edýär.

Giň gerimli forumyň bäşinji güni hem milli medeniýetimiz we sungatymyz bilen baglanyşykly ähmiýetli çärelere baý boldy. Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki medeniýet öýünde oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Munuň özi halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary ylmy esasda içgin öwrenmek hem-de ilat arasynda giňden wagyz etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Bu ýerde milli el işleriniň, usuly gollanmalaryň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Sergä gatnaşyjylar türkmen zenanlarynyň zehininden dörän el işleri bilen içgin tanşyp, ýurdumyzda halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Medeniýet öýünde ýaýbaňlandyrylan dabara maşgala aýdym-saz toparlarynyň joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli medeniýetiň we sungatyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunda maşgala aýdym-saz toparlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

Soňra Balkan welaýat kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Annagylyç Mätäjiniň, Gurbanaly Magrupynyň döredijiliginde bedew waspyna bagyşlanan edebi duşuşyk geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygarynyň bedew bilen baglanyşyklydygy göz öňünde tutulyp geçirilen duşuşykda nusgawy edebiýatymyzda bedew temasynyň eýeleýän orny barada giňişleýin durlup geçildi. Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasyna girizilen bu çäre türkmen edebiýatynyň köpöwüşginli häsiýetini açyp görkezip, bedew bilen baglanyşykly temanyň dürli döwürleri öz içine alýandygyny äşgär etdi. Duşuşygyň dowamynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň bedewleriň waspyny ýetirýän eserleri okaldy.

Hepdeligiň çäklerinde aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly dabara geçirildi. Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň döredijiligine bagyşlanan bu çäre belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdi. Dana Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi köp ýyllaryň dowamynda şahyrlaryň, ýazyjylaryň, suratkeşleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Munuň özi söz ussadynyň döredijilik dünýäsiniň hiç bir adamy biparh goýmaýandygynyň güwäsidir. Tutuşlygyna watansöýüjilige, gahrymançylyga, pähim-paýhasa ýugrulan goşgular bagşylaryň aýdym-sazlarynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu bolsa türkmen milli sungatynyň dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, şunda nusgawy edebiýatyň eserleri esasynda döredilen aýdymlaryň möhüm orny eýeleýändigini görkezýär.

Medeni forumyň bäşinji gününiň wakalary Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkezilen “Leýli-Mejnun” operasy bilen jemlendi. Bu ýerde teatryň gazanan üstünliklerine degişli maglumatlar, oňa berlen baýraklar, muzeý gymmatlyklary, teatr sungatynda görnükli yz galdyran şahsyýetleriň heýkelleri, sahna oýunlarynda ulanylýan dürli serişdeleriň görnüşleri görkezildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda, şol sanda opera sungatynda amala aşyrylýan işler bu ugruň aýdyň ýola düşendiginiň beýanydyr.

Opera tomaşa edenler Diýarymyzda çeper sungatyň, şol sanda opera eserleriniň kämil derejä çykarylmagy we halkara giňişlikde ykrar edilmegi ugrunda edilýän tagallalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Giň gerimli döredijilik forumy üstünlikli dowam edýär.





