Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

view-icon 112

Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözel Diýarymyzda giňden bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy ösüşlere beslenýän giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen medeniýetini we sungatyny gülledip ösdürmek, dünýä derejesine çykarmak maksady bilen geçirilýän medeni çäreler, bäsleşikler, sergiler täze, döwrebap many-mazmuna eýe bolýar. Ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler medeniýet we sungat işgärlerini has kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Häzirki döwürde medeniýet ulgamynda gazanylýan ösüşler jemgyýetimizde ruhy galkynyşy artdyrmaga, bagtyýar raýatlarymyzyň watansöýüjiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolýandygynyň, dana Pyragynyň sarpasynyň belent derejä göterilendiginiň aýdyň güwäsidir.

Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryny täze öwüşginlere beslemekde, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa halkymyzyň medeniýetini, baý medeni-taryhy mirasyny öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga we medeniýetimiziň gadymy köklerini, gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmäge uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän beýik özgertmeleriň netijesinde, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi yzygiderli gurlup ulanmaga berildi we berilýär. Milli mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, gadymy gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy dünýä ýaýmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky bu döwletli işler medeniýet we sungat işgärlerini joşgunly zähmete, täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

Garaşsyz Türkmenistan häzirki döwürde halkara festiwallaryň, sergileriň, maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şol çärelere gatnaşýanlar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň döwrebap ösüşleri bilen ýakyndan tanyşýarlar, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň şaýady bolýarlar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän Medeniýet günlerine, beýleki halkara çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Şeýle hem Türkmenistanda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Bularyň ählisi dünýä halklarynyň türkmen medeniýeti, biziň medeniýet we sungat ussatlarymyzyň beýleki halklaryň medeniýeti bilen içgin tanyşmaklaryna, tejribe alyşmaklaryna giň ýol açýar.

Hormatly döredijilik işgärleri!

Medeniýet we sungat bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygymyzdyr. Milli mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda medeniýetiň aýratyn orny bardyr. Sungat ynsan kalbynda iň gowy häsiýetleri terbiýeleýän jadyly gudratdyr. Medeniýete, sungata, edebiýata ykbalyny baglan döredijilik işgärleriniň kämil eserleri döretmekleri üçin amatly iş şertlerini üpjün etmek biziň möhüm wezipämizdir. Geljekde-de döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini höweslendirmäge, hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barlar.

Hormatly adamlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny, ylhamyňyzyň hemişe joşup durmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.