Ï Gündogar sebitiň ak bugdaýly pelleriniň peşgeşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gündogar sebitiň ak bugdaýly pelleriniň peşgeşi

view-icon 145
Gündogar sebitiň ak bugdaýly pelleriniň peşgeşi

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 22-nji maýynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň galla oragyna beren ak patasy hem-de il sarpaly ýaşulularyň «bismillasy» bilen badalga alan bugdaý oragy gallaçy daýhanlarymyzyň arly ýylky zähmetiniň ýerine düşendigini görkezýär.

Ak ekinli meýdanlardan ýygnalýan bugdaý hasylynyň harmany barha beýgelýär. Ýetilýän belent sepgitler bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur mazmunly taglymatyny ynamly durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň gallaçy-kärendeçileriniň hem ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmekleriniň, yhlasly zähmetleriniň netijesinde üstümizdäki ýylda 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Welaýatyň Halaç we Çärjew etraplarynyň gallaçylarynyň üstümizdäki ýyl üçin döwlete galla tabşyrmaklygyň meýilnamasyny artygy bilen amal edendiklerini, beýleki etraplaryň hem bu üstünlige ýakyn wagtlarda ýetjekdiklerini belläp geçmek buýsançlydyr.

Çärjew etrabynyň daýhanlary 16 müň 870 gektar ýerden meýilnamada bellenilen 50 müň tonna derek 51 müň 130 tonnadan gowrak, halaçly gallaçylar hem bugdaý ekilen 10 müň 934 meýdandan göz öňünde tutulan 26 müň 640 tonna derek 26 müň 712 tonna ak bugdaýyň hasylyny Watan harmanyna tabşyrdylar. Etraplaryň aýry-aýry daýhan birleşikleriniň bu gazanylan üstünlikde aýratyn paýynyň bardygyny-da belläp geçmek bolar. Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň gallaçy-kärendeçileri her gektardan ortaça 40 sentner galla hasylyny almaklygy başardylar, bu bolsa daýhan birleşiginiň şertnamalaýyn borçnamasyny 113 göterimden gowrak amal edendigini aňladýar. Çärjew etraby boýunça döwlet meýilnamasyny 110 göterime golaý ýerine ýetiren J.Hekimow adyndaky, «Jeýhun», «Amyderýa», H.Hajyýew adyndaky, «Parahat» we «Lebap» daýhan birleşikleriniň, Halaç etraby boýunça hem göz öňünde tutulan döwlet meýilnamasyny 104 göterim töweregi berjaý eden «Pelwert», Magtymguly adyndaky, «Çohpetde» daýhan birleşikleriniň atlaryny agzap geçmek bolar.

Gyzgalaňly möwsümde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň, kombaýnçylarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 322-siniň netijeli işledilýändigini-de bellemek buýsançlydyr. Orak möwsümi üçin ýeterlik möçberde ätiýaçlyk şaýlarynyň taýýar edilmegi galla ýygnaýjy kombaýnlaryň gurat we bökdençsiz işlemeklerini üpjün edýär. Möwsümiň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleri tarapyndan galla oragyna gatnaşyjylaryň yzygiderli höweslendirilip durulýandygyny, möwsümde ýaryşly işiň netijeli işe öwrülýändigini hem belläp geçmek bolar.

Lebap welaýatynda bugdaý oragy boýunça alnyp barylýan tutumly işler sebitiň zähmetsöýer daýhanlarynyň ýakyn wagtlarda arzyly pellehana ýetjekdiklerine berk ynam döredýär.