Ï Işler möhüm möwsümiň talabyna laýyk guralýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Işler möhüm möwsümiň talabyna laýyk guralýar

view-icon 101
Işler möhüm möwsümiň talabyna laýyk guralýar
Işler möhüm möwsümiň talabyna laýyk guralýar
Işler möhüm möwsümiň talabyna laýyk guralýar
Işler möhüm möwsümiň talabyna laýyk guralýar

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň edermen gallaçylary 2026-njy oba hojalyk ýylynda etrapda bugdaýyň bereketli bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Ekerançylyk meýdanlarynda ýygnalýan galla hasylyny kabul etmek üçin kabul ediş nokatlarynda zerur şertler döredilen. Häzirki dowam edýän jogapkärli galla oragy möwsüminde Türkmengala un we unaş önümleri kärhanasynda-da işler bu möhüm möwsümiň talabyna laýyklykda guralýar.

Ýyllyk kuwwaty 38 müň 300 tonna un, 14 müň tonna unaş önümlerini öndürmäge niýetlenen Türkmengala un we unaş önümleri kärhanasynda her biri 3 müň tonna bugdaý saklap bilýän ammarlaryň dördüsi bar. Kärhana diňe bir Türkmengala etrabynyň däl-de, eýsem, Ýolöten, Tagtabazar etraplarynyň kärendeçileriniň ýetişdiren bugdaý hasylyny hem kabul edýär. Şu ýylky galla oragy möwsüminde bu üç etrabyň çäginde 13 sany kabul ediş nokady döredilipdir. Häzirki gyzgalaňly möwsümde önümçilik dört iş çalşygynda alnyp barylýar. Bu ýerde 630-dan gowrak işçi zähmet çekip, işiň gidişine laýyklykda işçi güýji artdyrylýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde gurlan bu döwrebap kärhanada unuň üç görnüşi – ýokary hilli, birinji we ikinji hilli görnüşi, unaşyň bolsa birnäçe görnüşleri öndürilýär. Häzir bu ýerde her gije-gündizde 135,5 tonna azyklyk bugdaý gaýtadan işlenilýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu kärhananyň işgärleri ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna sowgatly barmak maksady bilen güýçli depginde zähmet çekýärler. Olar her aýda bellenilen meýilnamalary üstünlikli berjaý edýärler. Şu ýylyň geçen bäş aýynda unuň 15 müň 702 tonnasy, unaşyň 1 müň 590 tonnasy, kepegiň 4 müň 928 tonnasynyň öndürilmegi hem muny doly subut edýär.

Ýurdumyzyň azyk bolçulygyna uly goşant goşýan bu kärhanada öndürilýän un we unaş önümleri özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu önümler dürli ölçeglerdäki gözegelüwli gaplara gaplanýar. Güneşli türkmen topragynda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýdan taýýarlanýan ýokary hilli önümler ýurdumyzyň ähli künjeklerine ugradylýar.