Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri, şol sanda ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly işler ara alyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Duşanbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer häzirki wagtda forumy guramaçylykly geçirmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Nygtalyşy ýaly, bu düzümiň esasy maksady Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekden we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Mejlise ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de öňdebaryjy hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Wise-premýer öňde boljak geňeşiň wekiliýetiniň düzümi we maksatnamasy boýunça degişli teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebit we dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi.