Ï Azyk bolçulygy ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Azyk bolçulygy ugrunda

view-icon 180
Azyk bolçulygy ugrunda

Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň işgärleri ilatyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Murgap önümçilik birleşiginde ilata gündelik zerur bolan azyk önümleri öndürýän birnäçe bölümler bar. Olardan häzirki wagtda çörek, konditer, gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän bölümleri iň işjeň önümhanalar bolup durýar. Bölümleriň her birinde önüm öndürmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Murgap önümçilik birleşiginiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynda bereketli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän gök we miwe önümleri terligi bilen gaýtadan işlenilip, dürli görnüşli aýna gaplara gaplanylýar. Tomus möwsümi kärhananyň iň gyzgalaňly işleýän we ter hasyly kabul edýän döwrüdir. Kärhana ýerli ekerançylardan we telekeçilerden ter gök önümleri satyn alyp, olary gaýtadan işleýär. Möwsüm durnukly dowam edýän wagty, önümçilik birleşiginde duzlanan pomidoryň, hyýaryň, kelem, käşir, sarymsak we burç ýaly önümleriň we beýleki gök önümleriň gaplama görnüşleri, şonuň bilen birlikde alma, erik, ülje ýaly miwe önümlerinden şerbetli içgileriň uly tapgyrlary taýýarlanylýar. Şu tomus möwsüminde bu önümhanada esasan duzlanan pomidordyr hyýardan gaplama önümleri öndürilýär. Önümleriň daşky görnüşini milli öwüşgindäki ýazgylar bezeýär.

Tutanýerli zähmet çekýän birleşigiň işgärleri konditer bölüminde halkymyzyň toý saçaklaryny bezeýän kökeleri öndürmek işlerini hem gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Ösen tehnologiýaly enjamlaryň kömegi arkaly öndürilýän dürli görnüşli kökeler döwrebap gaplara gaplanylýar. Olar ýokary harytlyk derejesi bilen ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrýar. Söwda işgärleriniň çekýän asylly zähmetleri netijesinde bu bölümde önümçilik möwsümleýin talaba laýyklykda guralýar.

Güneşli Diýarymyzda öndürilýän ak bugdaýyň unundan çörek önümlerini taýýarlamak işlerem bu önümçilik birleşiginde göwnejaý ýola goýulan. Çörek önümhanasynda milli çöregiň her aýda 20 tonnasy öndürilýär. 

Daşary ýurtda öndürilýän önümleriň ornuny tutup biljek bagtyýarlyk döwrümiziň bu azyk önümleri özüniň harytlyk derejesi we ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde öndürilýän ähli azyk önümleri ýurdumyzyň söwda dükanlaryna ugradylýar we alyjylara elýeterli nyrhlardan ýetirilýär.