Ï «Ak merjen» haryt nyşanly önümler sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ak merjen» haryt nyşanly önümler sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar

view-icon 69
«Ak merjen» haryt nyşanly önümler sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar

Soňky wagtlarda Daşoguz welaýatynyň hem-de ýurduň beýleki sebitleriniň sarp edijileriniň arasynda «Ak merjen» haryt nyşany bilen öndürilýän ýokary hilli tüwä bolan isleg barha artýar. Bu önüm hususy telekeçi Şuhrat Sabirowyň ýolbaşçylyk edýän kärhanasynda öndürilýär.

Köneürgenç şäherinde ýerleşýän kärhana, esasan, sebitde ösdürilip ýetişdirilýän tüwini gaýtadan işlemäge ýöriteleşendir. Ýerli öndürijilerden satyn alynýan tüwi ýöriteleşdirilen häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen arassalanýar. Bu bolsa dänäniň gurluşyny hem-de onuň tebigy häsiýetlerini doly saklamaga mümkinçilik berýär.

Şondan soň bolsa, «merjen dänesi» ölçegleri boýunça sortlara bölünýär. Bu bolsa önümiň birmeňzeşligini üpjün edip, bellenilen ýokary hil ölçegleriniň berjaý edilmegine ýardam edýär.

Ugratmaga taýýar edilen önüm lomaý üpjünçilik üçin has amatly bolan polietilen haltalara gaplanýar. Şeýle gaplar alyjylaryň islegine laýyk gelmek bilen birlikde, önümi uzak aralyklara daşamak üçin hem örän amatlydyr. Tüwini ölçäp gaplamak işinde takyk möçberler berk berjaý edilýär, haltalar bolsa berk ýapylýar we önümiň ýokary derejede abat saklanmagyny üpjün edýär.

Mälim bolşy ýaly, Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň esasy tüwi öndürijileriň biridir. Şalyçylyk welaýatyň oba hojalyk pudaklarynyň iň ösen ugurlarynyň hataryna girýär. Bu ýerde her ýyl 35 müň tonnadan gowrak tüwi ösdürilip ýetişdirilýär.

Welaýatda tüwini ahyrky önüme çenli gaýtadan işlemek maksady bilen döwlet tarapyndan iri, ýokary tehnologiýaly kärhana guruldy. Ýokary hilli tüwi bilen üpjün etmek işine hususy düzümler hem işjeň gatnaşýarlar.