Ï Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

view-icon 94
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen böleginiň başlygy we agzalary, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklaryny umumy taryh, köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar — iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Ilham Aliýewiň yzygiderli tagallalary bilen döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Nygtalyşy ýaly, ýokary derejedäki saparlar möhüm ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýunynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini bellediler. Onuň dowamynda ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi gatnaşyklary gyzyklanma bildirilýän giň ugurlarda ösdürmäge şert döredýär. Saparyň dowamynda Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeriniň sowgat hökmünde gowşurylmagy türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň mizemezligini görkezen nobatdaky waka boldy. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dostlukly goňşy ýurda sowgat hökmünde Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygy alnyp barylýar.

Mejlise gatnaşyjylar toparyň ozalky mejlisiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iş toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça degişli tekliplere garaldy. Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň, sebit dialogynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýärler. Şu ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar öňde boljak çäreler barada durup geçdiler.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady görkezijilerine aýratyn üns berdiler. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini, söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýurtlarymyzyň bu ugurdaky kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Mejlisde ykdysadyýetiň, maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Toparyň agzalary işewürlik ugry boýunça özara duşuşyklary, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şeýle çäreleriň özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna kuwwatly itergi berjekdigini tassykladylar.

Nebitgaz we elektroenergetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak, giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin esas döredýär.

Mejlisde iki ýurduň arasynda ulag-logistika, üstaşyr geçirmek, sanly ösüş, telekommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, sebitde üstaşyr geçirmegiň möçberiniň artmagy döwrebap ulag infrastrukturalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy şertlendirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ulag ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy sebitleýin we ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilendir. Ýurtlarymyz halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda möhüm üstaşyr geçirijiler bolup çykyş edýärler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, Baku Halkara deňiz söwda portunyň döwrebaplaşdyrylan düzümleri Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýükleri üstaşyr geçirmekde iň amatly ýollary üpjün edip, Hazar sebitini kuwwatly logistika merkezine öwürýär.

Medeni-ynsanperwer ulgam mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy. Geçen ýyl Azerbaýjanda Türkmenistanyň, şu ýylyň iýun aýynda bolsa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirildi. Arkadag hem-de Fizuli şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm waka boldy. Mejlise gatnaşyjylar ylym, taryhy we golýazma edebiýatyny öwrenmek, sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryň uludygyny bellediler. Şeýle-de oba hojalyk, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, şäher gurluşygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Mejlise gatnaşyjylar şu gezekki gepleşikleriň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisiniň jemleri boýunça kabul edilen degişli Teswirnamada hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikde durmuşa geçiriljek anyk işler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýetleriniň dar düzümdäki duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň ugurlary barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy.