Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5 göterim artdy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary barada aýdyldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,4 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 92 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 64 mejlisi geçirildi. Mejlisleriň dowamynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim artdy we ol jemi içerki önümiň 16,5 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik, 54,9 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz, 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy. 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,2 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 64,5 göterim, sementiň öndürilişi 7,2 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6,9 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 6,7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 4 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 1,3 göterim artdy.
Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulagyň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 2 göterim artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi hem 15,3 göterim artdy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýygnalan bugdaý hasyly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,6 göterim artdy, öndürilen gök önümler 12,8 göterim, azyklyk bakja önümleri 3,3 göterim, ýeralma 4,2 göterim, süýt 0,3 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň alty aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň statistika ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen tejribe alyşmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýtdy.
Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2026-njy ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende, 7,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesine görä, 23,6 göterim ýokarlandy, şahsy adamlara berlen karzlar 24,5 göterim artdy. 2026-njy ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 17,6 göterim köpeldi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet býujetiniň durnuklylygyny üpjün edýän salgyt ulgamyny ösdürmegi, salgytlaryň doly hem-de öz wagtynda tölenmegini gazanmagyň wajypdygyny nygtady. “Býujet serişdeleriniň tygşytly, maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi üpjün etmek zerurdyr” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermegiň, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlary yzygiderli artdyrmagyň, banklaryň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny belledi we halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 116 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 118,5 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,6 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz, başga işe geçmegi sebäpli, G.Garlyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Amanowy belledi hem-de ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
B.Amanow özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebiti we tebigy gazy çykarmak, olary harytlyk derejesine getirmek, daşarky bazarlara ýerlemek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz topluma degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işlerini ilerletmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 127,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça degişli meýilnama 104,5 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 132,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 106,2 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy 110,2 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 144 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasyna 127,4 göterim amal edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyrmak, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz himiýa kärhanalaryny bökdençsiz işletmek babatda işleri güýçlendirmegiň, içerki we daşarky sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça çäreleri hem dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalardyr desgalaryň bellenilen möhletde, ýokary hilli ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 146 birža söwdasy geçirilip, olarda 15 müň 377 şertnama hasaba alyndy.
2026-njy ýylyň alty aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 118,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 13 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,3 göterime deň boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, içerki bazaryň, söwda nokatlarynyň azyk we beýleki harytlar bilen üpjünçiligini hemişe üns merkezinde saklamagyň, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz täze önümçilikleri döretmek, öndürilýän önümleriň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň, bu işde hususy ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň, dokma, haly we haly önümleriniň söwdasyny guramakda halkara tejribeden ugur almagyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli medeni çäreler guralyp, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi guramaçylykly geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty netijesinde halkara ähmiýetli dürli medeni çäreler guraldy. Paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty, TÜRKSOÝ-yň opera günleri, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri, Italiýanyň Rim şäherinde bolsa «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi guraldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem-de ýurdumyzyň ussat sirk artistleri Azerbaýjan Respublikasynda, Türkiýäniň Stambul şäherinde üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen, şu ýylyň ýaz möwsüminde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyry amala aşyryldy. Şeýle hem wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz A.Şamyradowy, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen G.Myradalyýewi belledi we ony medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
G.Myradalyýew bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, A.Hojaberdiýewi «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy we bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen H.Şanazarowany bellemek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň işini talabalaýyk guramak boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegiň, halkymyzyň gadymy mirasyny, edebi gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek we wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklere syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz kitaphana we muzeý işini halkara tejribeler esasynda yzygiderli kämilleşdirmegiň, döwrebap, many-mazmunly täze çeper we dokumental filmleri surata düşürmegi dowam etdirmegiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar, talyplar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 992 medal gazandylar. Şu ýylyň alty aýynda ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi. Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň 415-sini gazandylar.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi hem-de okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, şunuň bilen baglylykda, bilim edaralarynda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigini aýtdy hem-de olaryň açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegi, bu ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini netijeli dowam etdirmegiň, ylmy edaralarda işlenip düzülen oýlap tapyşlary ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça dünýä ýurtlarynyň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň köpçülikleýin sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,9 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 120,3 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 100,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça 115,3 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük daşamagy, üstaşyr gatnawlary ösdürmegi, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerini netijeli ulanmagyň, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda täze hyzmatlary ýola goýmak boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralma, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen oba hojalyk ekinlerini ekmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin galla oragyndan boşan meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen oba hojalyk ekinlerini ekmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, zerur bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek babatda zerur çäreler görülýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýewi welaýatyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä H.Aşyrmyradowy belledi we ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
H.Aşyrmyradow uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine R.Jumaýewi belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
R.Jumaýew bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, bu wezipede tutanýerli zähmet çekmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumyny geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen ýerlerde hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz D.Annaberdiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işleýän B.Orazgylyjowy bellemek barada karara gelendigini aýtdy.
B.Orazgylyjow bildirilen ynam üçin hoşallygyny beýan edip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilip, bu ugurdaky bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi hem-de oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,8 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 106,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,9 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 123,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 118,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 112,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 135,5 göterim ýerine ýetirildi.
Oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda Diýarymyzda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek we saklamak boýunça degişli çäreler görülýär, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin ekiş möwsümine taýýarlyk işleri dowam edýär. Hususan-da, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär, ýokary hilli bugdaý tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, şäherleriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň, welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin alnyp barylýan işleri agrotehniki kadalar esasynda geçirmegiň, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň, gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin guramaçylyk işlerini has-da güýçlendirmegiň, öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, azyk senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ilaty un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagyň, mallaryň, guşlaryň baş sanyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak boýunça işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtany gaýtadan işlemek, dokma kärhanalaryny ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek işlerini talabalaýyk alyp barmagyň, suw serişdelerini rejeli we tygşytly peýdalanmagyň, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça sazlaşykly işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, zähmet üstünligini gazanandyklaryny belledi. “Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we galla hasylyny ýetişdirmekde hem-de ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 16 — 19-njy fewraly aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 18-19-njy martynda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelinde Awstriýa Respublikasyna, 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, 16-17-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparlary guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 21-22-nji aprelinde Gazagystan Respublikasyna, 22-23-nji iýunynda Azerbaýjan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.
Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martynda bolsa Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 373 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi, Türkmenistandan daşary ýurtlara 693 wekiliýet gitdi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 253-si geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 1 müň 205-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 101-si bilen ýetirildi. Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.
2026-njy ýylyň alty aýynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň, Ukrainanyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Bulardan başga-da, hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.
Daşary döwletleriň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky ilçileri, BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalar bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzda köp sanly halkara syýasy çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzda guraljak halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin häzirden başlap düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 5-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 18-si geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 64-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 15-si amala aşyryldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlisde degişli işleriň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan degişli Kanuny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 82-nji maddasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň birnäçe kanunlarynyň kabul edilendigini, köp sanly kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, berkarar döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 18 milliard 600 million manada golaý düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim köpdür. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler dowam etdirildi. Ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ikinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. “Bulardan başga-da, möhüm ähmiýetli köp sanly halkara çäreler guralar. Şoňa görä-de, meýilleşdirilýän bu çärelere gowy taýýarlyk görmeli. Şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny ýokary derejede bellemeli” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamalydyr. «Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek, ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz sözüniň üstüni ýetirdi. Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir. Şeýle-de geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça 11-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan başlap dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.