Ï Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

view-icon 11
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri mynasybetli dabara geçirildi. Gallaçy babadaýhanlaryň bu zähmet üstünligi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi.

Bugdaý taýýarlamak boýunça döwlet borçnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň tutanýerli zähmetiniň aýdyň güwäsidir. Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýyň tabşyrylmagy azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu üstünligiň esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda yzygiderli amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler durýar. Döwletimiz tarapyndan pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge giň möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Bu gün welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalary işledilýär.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bugdaýyň satyn alnyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy kärendeçileri ekinlerden has ýokary hasyl almaga höweslendirýär. Bu ugurdaky döwlet strategiýasynyň çäklerinde pudaga ylmyň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Takyk ekerançylygyň, damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň, döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagy ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga ýardam berýär.

...Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň oba hojalygy milli azyk howpsuzlygynyň kepili bolup çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde döwletimiz tarapyndan oba hojalyk önüm öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Şeýle çemeleşme ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Dabarada ýaş nesliň wekilleri hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy edermen daýhanlaryň gazanan ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, gallaçy babadaýhanlaryň yhlasly zähmetini, Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini goşgy setirlerinde wasp etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Şeýle-de wise-premýer bu şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň adyndan ajaýyp halyny sowgat gowşurdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşan çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Dabara gatnaşan çagalara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Yzygiderli çäreleriň we oba zähmetkeşleri baradaky edilýän hemmetaraplaýyn aladanyň netijesinde ýurdumyzyň babadaýhanlary ýylyň-ýylyna ýokary görkezijileri gazanyp, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny üpjün edýärler, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga öz goşantlaryny goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy babadaýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen berjaý edendiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylary, ähli oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.