Ï Türkmenistanyň jemi içerki önümi ýylyň birinji ýarymynda 6,3 göterim ýokarlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň jemi içerki önümi ýylyň birinji ýarymynda 6,3 göterim ýokarlandy

view-icon 81
Türkmenistanyň jemi içerki önümi ýylyň birinji ýarymynda 6,3 göterim ýokarlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi. Ýarym ýylyň esasy ykdysady görkezijileriniň biri hökmünde jemi içerki önümiň (JIÖ) 6,3 göterim artandygy bellenildi.

Ýurdumyzyň esasy makroykdysadyýet görkezijileri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi. Onuň bellemegine görä, milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüş depginini saklaýar.

Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi 10,4 göterim artdy. Ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ählisinde oňyn ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.