Ï Türkmenistanyň Prezidenti manadyň hümmetini berkitmegi we býujete gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti manadyň hümmetini berkitmegi we býujete gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy

view-icon 87
Türkmenistanyň Prezidenti manadyň hümmetini berkitmegi we býujete gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýylyň ilkinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady pudagy üçin esasy wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz milli pul hümmetiniň durnuklylygyny saklamaga we döwlet serişdelerini netijeli dolandyrmaga aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Giň gerimli ykdysady özgertmeleriň çäklerinde wise-premýer H.Geldimyradowa birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy böleginiň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, serişdeleriň maksatly ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek hem-de geljek ýylyň býujetiniň taslamasyny öz wagtynda düzmek.

Salgyt ulgamyny ösdürmegi dowam etdirmek, döwletiň maliýe durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, salgytlaryň öz wagtynda we doly tölenilmegini gazanmak.

Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, milli manadyň durnukly hümmetini saklamak, banklaryň işini kämilleşdirmek we sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek.

Ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrmak hem-de halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek.