Ï Türkmenistanda ýylyň ilkinji alty aýynda 18,6 milliard manat maýa goýum özleşdirildi we 309 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýylyň ilkinji alty aýynda 18,6 milliard manat maýa goýum özleşdirildi we 309 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

view-icon 62
Türkmenistanda ýylyň ilkinji alty aýynda 18,6 milliard manat maýa goýum özleşdirildi we 309 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýylyň ilkinji alty aýynyň jemleriniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň hem-de maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde durnukly saklanmagynyň gurluşyk we maýa goýum işleriniň işjeň alnyp barylýandygy bilen berkidilýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gurluşyk we maýa goýum pudaklarynda gazanylan esasy görkezijiler beýan edildi.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetine we infrastrukturasyna 18 milliard 600 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar gönükdirilip, özleşdirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3 göterim ýokary boldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda umumy meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Täze senagat kärhanalarynyň, döwrebap şäherçeleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy meýilnama laýyklykda dowam etdirilýär.