Ï Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — möhüm ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge goşant
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — möhüm ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge goşant

view-icon 359

Häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine hem-de onuň oňaýsyz täsirlerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde jogapkärli orny eýeleýän Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Bu ugur Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Ekologiýanyň we howanyň üýtgemeginiň täsiri diňe bir tebigaty goramak ugry bilen çäklenmän, eýsem, syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryna hem degişlidir. Ol daşky gurşawyň ýagdaýyna, adamlaryň ýaşaýyş derejesine, hiline gönüden-göni täsir edýär. Bu görkezijileriň özara berk baglanyşykly bolmagy ýüze çykýan wehimlere garşy göreşmek üçin täsirli gural bolup hyzmat etjek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjek netijeli strategiýalaryň, maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny hem-de durmuşa geçirilmegini talap edýär. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy ýaly abraýly düzümler bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşleriniň mejlislerinde, beýleki iri halkara guramalaryň, forumlaryň, köpugurly meýdançalaryň çäklerinde bar bolan we ýüze çykyp biljek ekologiýa, howa meselelerini çözmegiň täzeçil ýollaryny beýan edýän anyk başlangyçlary öňe sürýärler. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, çölleşmäge garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin bitewi ekologiýa strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipler bar.

Türkmenistan tarapyndan Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak, Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyçlar, halkara bileleşik tarapyndan makullanylan we goldanylan beýleki möhüm teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem Hazar sebitiniň döwleti bolmak bilen, ýurdumyz Hazaryň ähli ekologiýa meseleleri boýunça işjeň çykyş edýär. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Hazar ekologik başlangyjy munuň aýdyň mysalydyr. Bu başlangyç Hazar deňziniň daşky gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara meýdançany döretmäge niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu başlangyjy beýan edip, onuň durmuşa geçirilmeginiň Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralary, institutlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydygyny nygtady. Bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän işleriň logiki dowamy hökmünde 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek baradaky teklip öňe sürüldi.

Howanyň üýtgemegi, ekologik howpsuzlyk meselesi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň gün tertibine girizildi. Bu giň gerimli forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreler geçirildi. Bu ugur maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen we BMG-niň resminamasy derejesine eýe bolan Awaza syýasy Jarnamasynda, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy ýaly möhüm resminamada öz beýanyny tapdy.

Howa, ekologiýa gün tertibi boýunça halkara konwensiýalaryň, şertnamalaryň we ylalaşyklaryň onlarçasynyň gatnaşyjysy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Kioto teswirnamasyny, Pariž ylalaşygyny tassyklan Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmäge ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan edendigini bellemek gerek. Şeýle hem Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek, atmosfera goýberilýän metan gazynyň zyňyndylarynyň möçberini azaltmak üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” kabul edildi.

Öňde goýlan maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzda degişli kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň täze redaksiýasy kabul edildi. Bu resminama inklýuziw häsiýete eýe bolup, ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň ähli esasy pudaklaryny täze talaplara uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleriň sanawyny öz içine alýar. Ýangyç-energetika toplumyna aýratyn üns berilýär. Şunda maksatlaýyn çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek arkaly galyndylary azaltmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda beýleki degişli resminamalar hem kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa”, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bar. Birnäçe kanunlar ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga we tebigy serişdeleriň durnukly ulanylmagyna gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň iýun aýynyň başynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” we şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

2020-nji ýylda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly ählumumy başlangyjyna goşulandygyny nygtamak gerek. Bu düzümiň bütin dünýäde şäher landşaftlarynyň çäklerinde nahallary oturtmagy göz öňünde tutýan bu başlangyjy ilkinji gezek 2019-njy ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen howanyň üýtgemegi boýunça sammitde öňe sürlüpdi. Bu başlangyja goşan goşandy üçin 2022-nji ýylyň aprelinde Aşgabat şäherine halkara güwänama gowşuryldy. Ol daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan işlere, şol sanda jemgyýetiň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam edýän giň gerimli bag ekmek çärelerine ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «ýaşyl» başlangyjynyň çäklerindäki işlere paýtagtymyz bilen bir hatarda, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem goşulandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Her ýyl köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi bilen, Watanymyzda gök zolaklar, seýilgähler, ynsan eli bilen döredilen tokaýlyklar emele geldi we olar yzygiderli giňeldilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählihalk bag ekmek dabaralaryna gatnaşmaklary bu işe döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini subut edýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelmek bilen, diňe bir milli derejede däl, eýsem, sebit we ählumumy derejede-de amatly ekologik ýagdaýy saklamaga, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmäge ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa we howa ýagdaýyny nazara almak Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamasynyň hökmany şerti bolup durýar. Bu ugurda öňdebaryjy sanly we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri nusgalyk häsiýete eýedir. Täze şäheriň taslamasy hem-de gurluşygy ýurdumyzyň howa şertleri nazara alnyp amala aşyryldy. Gurluşyk üçin ýer saýlanyp alnanda tebigy landşaft, daşky gurşaw, hususan-da, dag eteklerindäki aýratyn mikroklimat ýaly görkezijiler göz öňünde tutuldy. Arkadag şäheriniň «ýaşyl» gurluşyk talaplaryna laýyk gelýändigi birnäçe halkara güwänamalar bilen tassyklanyldy. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek taslamasyna goşulandygy baradaky güwänama, Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň «Ýaşyl» we «akylly» şäher şahadatnamasy, Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş-kommunal hojalygy ministrliginiň Merkezi ylmy-barlag we meýilnamalaşdyrylyş institutynyň garaşsyz ylmy-tehniki derňewleriniň netijesinde Arkadag şäheriniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň, ekologik gurluşyk boýunça halkara talaplara laýykdygyny tassyklaýan şahadatnama, Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasy bar.

Türkmenistanyň howa meseleleri boýunça netijeli garaýyşlary 2026-njy ýylyň iýunynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bonn şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisinde-de beýan edildi. Türkmen tarapynyň çykyşynda Watanymyzyň bu ugurdaky halkara tagallalara, şol sanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça çärelere ygrarlydygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Şunda ýurdumyzyň howa meselesi boýunça sebit başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, olary milli strategiýalara, maksatnamalara, taslamalara ornaşdyryp, ähli ykdysady işleriň ekologik standartlar bilen utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde sirkulýar ykdysadyýete geçilmegine uly üns berilýär. Ýapyk aýlawly ykdysadyýet önümçiligiň we sarp edişiň has netijeli hem-de ekologik taýdan howpsuz nusgasydyr. Onuň esasy ýörelgeleri «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga, serişdeleri netijeli ulanmaga we dikeltmäge, energiýanyň alternatiw çeşmelerini işe girizmäge, çig mallary gaýtadan işlemäge esaslanýar. Bu bolsa senagat galyndylarynyň hem-de zyňyndylaryň azalmagyna, energiýanyň tygşytlanylmagyna, biodürlüligiň, ekoulgamlaryň goralyp saklanmagyna ýardam edýär. Sirkulýar ykdysadyýet diňe bir daşky gurşawa, howa ýetirilýän zyýanly täsirleri ep-esli derejede azaltmaga mümkinçilik bermän, eýsem, täze ykdysady mümkinçilikleri hem döredýär. Önümçilik çykdajylarynyň azalmagyna, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly ösüşe we bäsdeşlige ukyplylyga ýardam edýär. Durmuş taýdan seredilende bolsa, ykdysadyýetiň şeýle nusgasyna geçilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna goşant goşýar.

Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmegiň möhümdigini ykrar etmek bilen, Türkmenistan bu ugurdaky halkara dialogyň giňeldilmegine goşant goşýar. Şundan ugur alyp, 2024-nji ýylyň fewralynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde ýurdumyz birnäçe möhüm başlangyçlary, şol sanda durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürdi. Bu maksatnamany işläp taýýarlamakda dört sany esasy ugra bil baglamak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda umumy standart görkezijiler we hasabatlylyk, aýratyn möhüm serişdeler ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk, ýapyk aýlawly ykdysadyýetiň tehnologiýalarynyň Ählumumy innowasion gaznasyny döretmek, mümkinçilikleri artdyrmak we tejribe alyşmak bar.

Howa, ekologiýa bilen suw meselesi-de gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ol häzirki zaman dünýäsiniň wajyp ählumumy meseleleriniň biri bolup durýar. Howanyň üýtgemegi dünýäniň suw serişdelerine gönüden-göni täsir edýär we bu ýagdaý ýaramaz netijeleri döredýär. Türkmenistan bu meseleler boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Olar boýunça amatly, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri hödürlemek bilen, ýurdumyz suw diplomatiýasyny yzygiderli öňe sürýär, onuň esasy ugurlarynyň biri bolsa suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Merkezi Aziýadaky suw we ekologiýa meseleleri barada aýdylanda, Türkmenistan olaryň hemişe halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagy, abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de çözülmegi ugrunda çykyş edýär.

Bu ugurda ýurdumyz möhüm halkara forumlarda kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalara daýanyp, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan suw meselesi boýunça öňe sürlen başlangyçlar anyk häsiýete eýe bolup, sebit we ählumumy ösüşiň maksatlaryna, adamlaryň isleglerine jogap berýär. Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ol bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm, sebitiň serhetüsti derýalaryň suwundan peýdalanmagyň möhüm mehanizmi bolup biler.

Ekologiýa, howa şertleri bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşi hem-de munuň netijesi hökmünde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi-de özara berk baglanyşyklydyr. Howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy ekinleriň hasyllylygynyň peselmegine, toprakdaky çyglylygyň bugarmagynyň çaltlanmagyna, topragyň ýaramazlaşmagyna, ygal möwsümleriniň üýtgemegine sebäp bolýar. Howa täsiri oba hojalygyny alyp barmagyň adaty usullaryna we görnüşlerine öz düzedişlerini girizýär. Bu bolsa toplumlaýyn utgaşdyrylan çemeleşme esasynda gyssagly çäreleriň görülmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda kabul edilen milli strategiýalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde degişli çäreler amala aşyrylýar. Ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, pudaklaýyn ylmyň we seleksiýanyň ösdürilmegine, oba hojalyk ekinleriniň täze howa şertlerine uýgunlaşmaga ukyply bolan görnüşlerini döretmäge aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan bu möhüm ugurda netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda durnukly tejribeleri ulanmak ähli döwletler, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin hem ileri tutulýan ugurdyr. Bu babatda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini hem-de tehnologiýalaryny öwrenmäge, ulanmaga aýratyn orun berilýär. BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi bu wezipäni çözmegiň gurallarynyň biri bolup biler. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň aprel aýynda geçirilen Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, ýakyn geljekde bu merkez Aşgabatda işläp başlar. Şunda Türkmenistanyň Hökümetiniň bu täze düzüme hemmetaraplaýyn ýardam berip, onuň öz wezipelerini hem-de maksatlaryny netijeli ýerine ýetirmegi üçin amatly şertleri üpjün etjekdigi aýratyn nygtaldy.

Watanymyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky tagallalary BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan goldanylýar. Şeýlelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa hem-de howa diplomatiýasyny yzygiderli öňe sürmek bilen, ýurdumyz netijeli sebit we ählumumy dialogy pugtalandyrmak, umumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň binýady hökmünde özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, häzirki hem-de geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek üçin täsirli meýdançanyň kemala getirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýar.