Ï «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary – milli sirk sungatynyň parlak ýyldyzy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary – milli sirk sungatynyň parlak ýyldyzy

view-icon 336
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary – milli sirk sungatynyň parlak ýyldyzy

Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda sungatyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatynyň ösdürilmegine-de möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sirk sungaty dünýä derejesine çykaryldy. Häzirki döwürde milli sirk sungatynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir.

Bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy esasynda döredildi. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan bu topar milli medeni mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň derejesini belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlyklary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri döredýär.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara eýe boldy. Hususan-da, topar 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Toparyň halkara derejedäki abraýy geçen ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda has-da berkidildi. Bütin dünýäden ussat sirk ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu festiwalda «Galkynyş» toparynyň çykyşlary eminleriň we tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň bu meşhur topary festiwalyň Baş baýragy, ýaş ýetginjek eminleriň, Italiýanyň sirkiniň, festiwalyň tomaşaçylarynyň, Hindistanyň sirkiniň baýraklary hem-de Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasy bilen sylaglandy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygar astynda geçýän 2026-njy ýylda hem dowam etdi. Şu ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalary gowşuryldy. Bu waka «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary diňe bir festiwallarda çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde guralýan giň gerimli dabaralara we medeni çärelere hem yzygiderli çagyrylýar. Olaryň gatnaşmagyndaky çykyşlar dostlukly döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň özboluşly dabaralanmasyna öwrülýär.

Toparyň şeýle halkara derejede gazanýan üstünlikleri ýurdumyzda ahalteke atçylyk sungatyna döwlet derejesinde berilýän uly goldawlaryň netijesidir. Ahalteke bedewleri barada döwlet derejesinde edilýän uly aladalara jogap edip, türkmen atşynaslary öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek üçin yhlasyny, bilimlerini we tejribesini gaýgyrmaýarlar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ussatlyklaryny barha kämilleşdirýärler. Olaryň çykyşlarynda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu bolsa toparyň agzalarynyň öz işinde ýokary ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Geljekde hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň dünýä sirk sungatynyň taryhyna türkmen sirk mekdebiniň adyny altyn harplar bilen ýazmagy dowam etdirerler diýip tüýs ýürekden ynanýarys.