2026-njy ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Muhammad Anis Mattanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň türkmen-indoneziýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de döwletara dialogy pugtalandyrmagyň netijeli mehanizmleriniň biri bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belläp, halkara başlangyçlaryny özara goldamagy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de utgaşykly dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Assosiasiýa bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de «Merkezi Aziýa + ASEAN» dialog görnüşini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar. Özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň we medeni guramalaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem bilelikdäki bilim we medeni taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma beýan edildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-indoneziýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.