Ï Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideriniň hatyrasyna ýatlama çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideriniň hatyrasyna ýatlama çäresi geçirildi

view-icon 114
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideriniň hatyrasyna ýatlama çäresi geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Ýatlama agşamyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, pars dili okuwlarynyň mugallymlary we diňleýjileri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ilçi öz çykyşynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiana hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Tähranda geçirilen hoşlaşyk matam çäresine hut özi gatnaşandygy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Diplomat: «Bu ýokary derejedäki raýdaşlyk döwletlerimiziň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň çuň taryhy köklere hem-de birek-birege bolan tüýs ýürekden goldawa esaslanýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi» diýip belledi.

Ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi öz çykyşynda ruhy Lideriň döwlet syýasatyndaky we Eýran jemgyýetiniň durmuşyndaky ornuna, onuň ruhy mirasyna, şeýle hem Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan uly goşandyna ünsi çekdi.

Çäräniň dowamynda pars dili okuwlarynyň mugallymlary we diňleýjileri ýatlama çykyşlaryny hem-de goşgulary okadylar. Mundan başga-da, gatnaşyjylara dokumental wideomateriallar görkezildi, soňra bolsa Keramatly Gurhandan aýatlar okalyp, bilelikde doga-dileg edildi.