Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek we maliýe-ykdysady ulgamy döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meselelere garady. Mejlisiň dowamynda döwlet ätiýaçlandyryş ulgamynda alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurtda ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Döwlet ätiýaçlandyryşy hakynda Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Täze Düzgünnama hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny hukuk taýdan düzgünleşdirmäge hem-de onuň işini has netijeli guramaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde ygtybarly we netijeli ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we hukuk taýdan düzgünleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.