Ï Daşoguz welaýatynyň daýhanlary käşirden ýylda iki gezek hasyl alýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary käşirden ýylda iki gezek hasyl alýarlar

view-icon 316
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary käşirden ýylda iki gezek hasyl alýarlar

Daşoguz welaýatynyň gök ekerançylary güýzlük käşir ekiş möwsümini üstünlikli tamamladylar. Öz wagtynda 40 gektar ýere tohum sepen daýhanlar şu güýzde, azyndan, 720 tonna käşir ýygnamagy meýilleşdirýärler.

Bu sebitde käşirden ýylda iki gezek hasyl alynýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Ekişiň agramly bölegi ýaza düşdi, şonda bu ekin üçin 730 gektar ýer bölünip berildi, şol meýdanyň her gektaryndan eýýäm 180 sentner käşir ýygnaldy.

Welaýatyň daýhanlary, adatça, sary käşir ösdürip ýetişdirýärler. Onuň hasyllylygy ýokary, şeýle hem ol ýerlikli möhletde ýetişýär. Käşiriň bu görnüşi süýjüligi we şireliligi bilen tapawutlanýar. Ol yssyny kän bilmeýär, şeýle hem sowuga çydamly hasaplanýar, şonuň üçin-de onuň welaýatyň howa şertlerinde ösdürilmegi mümkindir.

Sary käşir ýerli palawyň esasy önümidir, özem naharyň tagamy köp derejede onuň süýjüligine baglydyr.

Welaýatda käşirden başga-da her ýyl, takmynan, 25 müň tonna golaý pomidor, 9 müň 500 tonnadan gowrak kelem, 2 müň tonnadan gowrak hyýar ösdürilip ýetişdirilýär we ýylda iki gezek sogan ýygnalýar. Ýerli daýhanlar şular ýaly netijeleri suwdur ýer serişdelerini rejeli ulanmak, ekin görnüşlerini saýlamaga dykgat bilen çemeleşmek we toplanan tejribäniň hem häzirki zaman ylmy teklipleri rejeli utgaşdyrmak arkaly gazanýarlar.