Ï Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 321

2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler konstruktiw türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalarynyň bardygyny tassykladylar.