Ï Kitaplar dünýäsine wirtual syýahat: Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň sanly özgertmeleri işjeň ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kitaplar dünýäsine wirtual syýahat: Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň sanly özgertmeleri işjeň ösdürilýär

view-icon 96
Kitaplar dünýäsine wirtual syýahat: Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň sanly özgertmeleri işjeň ösdürilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bitewi elektron ulgamy döretmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda esasy ýol görkeziji resminama bolup, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» çykyş edýär. Maksatnamanyň çäklerinde elektron kitaphanalaryň gaznalary yzygiderli giňeldilýär.

Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi kitaphana işini dünýä ylmynyň gazananlaryna we milli ösüş ýörelgelerine laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Göz öňünde tutulan çäreler kitaphana hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň bilim almak mümkinçiliklerini giňeltmäge, ýurduň halkara kitaphana giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmaga hem-de medeniýet ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüşdäki ornuny has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda türkmen kitap söýüjilerine kitaphana gaznalarynda saklanýan nusgawy, taryhy, ylmy, çeper hem-de başdan geçirmeler baradaky eserleriň sanly görnüşlerine erkin elýeterlilik döredildi. Statistik maglumatlara görä, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ekitap.gov.tm elektron kitaphanasynyň ulanyjylarynyň sany yzygiderli artýar. Bu sanly platforma jemgyýetde kitap okamak medeniýetini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Internet çeşmesi kitaphana gaznasynyň sanly görnüşini hem-de neşirlere elýeterliligi üpjün edýän wirtual hyzmatlaryň toplumyny öz içine alýar. Elektron kitaphananyň işi «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna («Elektron kitaphanalar») laýyklykda amala aşyrylýar.

Ulanyjylar bu çeşmeden peýdalanmak üçin diňe ykjam telefon belgisi arkaly hasaba durup, özlerine laýyk nyrh meýilnamasyny saýlap bilýärler. Sanly neşirleriň ählisi – kitaplar, sesli kitaplar we žurnallar awtorlyk hukugy bilen goralýar.

Saýtda tematik bölümleriň giň toplumy döredilip, okyjylar üçin ýokary derejede amatly şertler üpjün edilýär. Sanly kitaphana gaznasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri aýratyn orun eýeläp, iň köp okalýan neşirleriň hataryna girýär.

Mundan başga-da, okyjylara çeper edebiýat, ylmy-populýar neşirler, okuw kitaplary we çagalar edebiýaty ýaly dürli ugurlardaky eserler hödürlenýär. Tebigy ylymlar, tehnika, ykdysadyýet, taryh we sungat ýaly ugurlar boýunça baý edebiýat toplumy elýeterlidir. Şeýle hem sanly gaznada ertekileriň bolmagy ýaş nesilde kitaba bolan söýgini terbiýelemäge ýardam berýär.