«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak ýurdumyzyň her bir zähmet toparynyň öňde goýan arzyly maksady. Bu bolsa ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynda ýokary iş depginini üpjün edýär.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen döwrebap desgalardyr binalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öz ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna, işleriň gysga möhletde amala aşyrylmagyna uly ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzda dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan gurluşyk materiallaryny öndürýän döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär, şeýle hem öňden bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenýär.
Binalardyr desgalaryň gurluşygynda esasy sarp edilýän gurluşyk serişdesi bolsa sement önümidir. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, berkarar Diýarymyzda kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan kuwwatly sement zawodlarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Gurluşyk üçin zerur bolan ýokary hil derejesindäki sement önümlerini öndürýän şeýle desgalaryň biri-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawodydyr.
2024-nji ýylda bu ýerde zawodyň 2-nji tapgyrynyň ulanylyşa girizilmegi bilen ýokary hil derejesindäki sementiň öndürilişiniň has-da artandygyny belläp geçmek bolar. Kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde 2026-njy ýylyň 6 aýynda 941,1 müň tonna ýokary hilli sement öndürilipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende has artykdyr, ýagny 197,5 tonna deňdir. Bu görkeziji önüm öndürmek boýunça ösüş depgininiň 26,6 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Lebap sement zawodynda öndürilýän bu islegli gurluşyk serişdesiniň daşary ýurtlara hem uly möçberde eksport edilýändigini-de ýatlap geçmek bolar.
Işleri göwnejaý guralan bu kärhanada esasy üç ugra – sementiň hiline, önümçiligiň tygşytlylygyna, şeýle hem ekologiýa aýratyn üns berilýär. Kärhanada portland sementi, şeýle hem gidrotehniki binalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfata durnukly ýokary hilli sement öndürilýär. Taýýar bolan önüm ýörite geçirijiler arkaly sement ammarlaryna ugradylýar we haltalara gaplanylyp awtoulaglarda, şeýle hem wagonlara guýlup, demir ýol arkaly sarp edijilere ýetirilýär.
Sement öndürmegiň yzygiderliliginiň merkezi dolandyryş bölüminiň hünärmenleri tarapyndan awtomatiki usulda alnyp barylmagy önümçiligiň gidişine berk gözegçilik etmeklige mümkinçilik berýär. Zawodda öndürilýän önümleriň bada-bat ýurdumyzyň dürli künjegindäki sarp edijilere ugradylmagy bu ýerlerdäki gurluşyk işlerini bökdençsiz alyp gitmeklige ýardam edýär. Kärhanada önümçilige goýberilýän çig malyň, şonuň ýaly-da taýýar önümleriň hil derejesi bu ýerde hereket edýän barlaghanalar tarapyndan takyk anyklanylýar.
Lebap sement zawodynyň öňki hereket edýän bölüminde portland sementiniň «S-400» we «S-500» görnüşleri öndürilýän bolsa, onuň 2-nji tapgyrynda gurlan bölüminde has ýokary hilli «S-600» görnüşli sementi öndürmeklige hem mümkinçilik döredilendir. Zawodda Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň belli kompaniýalarynyň iň kämil enjamlar toplumlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär. Şu ýerde sementiň «S-400» görnüşiniň dürli binalaryň, ýanýodalaryň, meýdançalaryň gurluşygynda, berkligi boýunça ýokarda durýan sementiň «S-500» görnüşiniň demirbeton önümleri öndürilende, howa menzillerinde uçarlaryň uçuş-gonuş meýdançalarynyň, ýollaryň gurluşygynda ulanylýandygyny belläp geçmek bolar. Sementiň has berk görnüşi «S-600» bolsa sulfada durnuklydyr, ol nebit we gaz wyşkalary oturdylanda, köprüleriň sütünlerinde, kenar gurluşygynda, ýerasty taslamalarda we beýleki şuňa meňzeş ýerlerde giňden ulanylýar.
Köýtendag sebitiniň gymmatly magdanlaryň gorlaryna baý bolmagy, sement öndürmek üçin zerur bolan hek daşynyň, kwars çägesiniň, gips we toýun ýaly çig mal känleriniň zawodyň çägine ýakyn ýerde ýerleşmekligi işleri bökdençsiz alyp gitmeklige we önümiň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga şert döredýär. Bu bolsa zawodyň girdejisini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.