Ï Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri we serhetüsti ugurlar bilen tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri we serhetüsti ugurlar bilen tanyşdyryldy

view-icon 84
Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri we serhetüsti ugurlar bilen tanyşdyryldy

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýurduň syýahatçylyk pudagynyň depginli ösüşine bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, syýahatçylyk agentlikleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Tanyşdyrylyşyň esasy mowzugy Özbegistanyň baý taryhy-medeni mirasy boldy. Duşuşyga gatnaşyjylara Samarkant, Buhara, Hywa we Şährisabz ýaly gadymy şäherler boýunça meşhur syýahatçylyk ugurlary barada maglumat berildi. Bu taryhy-binagärlik merkezleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilip, açyk asmanyň astyndaky muzeýler hasaplanýar.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow häzirki wagtda ýurtda syýahatçylygyň döwrebap hem-de ýöriteleşdirilen görnüşlerini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Esasy ugurlaryň hatarynda ekosyýahatçylyk, zyýaratçylyk, sagaldyş, gastronomik hem-de işewürlik (MICE) syýahatçylygy bar.

Ilçi soňky ýyllarda Özbegistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň daşary ýurtly syýahatçylaryň gyzyklanmasyny ep-esli artdyrandygyny belledi. Onuň getiren maglumatlaryna görä, diňe şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýurda, takmynan, 6,6 million daşary ýurtly syýahatçy baryp gördi.

«Özbegistan Respublikasynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde diňe bir daşary ýurtly myhmanlary çekmäge däl, eýsem, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga, sebitleriň durnukly ösüşine ýardam bermäge we halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem uly üns berilýär» diýip, R.Alimow aýtdy.

Brifingiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meselesine aýratyn üns çekildi. Özbegistan Türkmenistana möhüm orun berilýän bilelikdäki syýahatçylyk önümlerini ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

«Biz Türkmenistan bilen serhetüsti syýahatçylyk ugurlaryny döretmekde uly mümkinçilikleri görýäris. Mysal üçin «Hywa – Köneürgenç – Aşgabat – Mary – Buhara» ugry. Türkmen syýahatçylyk operatorlaryny bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyga çagyrýarys. Şeýle hem türkmenistanly maýadarlary Özbegistandaky taslamalara amatly şertlerde gatnaşmaga çagyrýarys» diýip, diplomat nygtady.