Ï Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda bilim we diplomatiýa ulgamlaryna degişli täze başlangyçlar bilen çykyş eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda bilim we diplomatiýa ulgamlaryna degişli täze başlangyçlar bilen çykyş eder

view-icon 57
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda bilim we diplomatiýa ulgamlaryna degişli täze başlangyçlar bilen çykyş eder

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

Baş Assambleýanyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň ulgamynda Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Bu ugurda nobatdaky ädim hökmünde Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek meselesi boýunça geňeşmeleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu merkezi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda döretmek göz öňünde tutulýar.