Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýetip gelýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.
Ekologik howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howa bilen bagly başlangyçlary ilerletmek we halkara institusional hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, täze köptaraplaýyn meýdançasy bolan Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürer.
Mundan başga-da, ýurdumyz gurak we suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyç bilen hem çykyş eder.