Ï Türkmenistan BMG-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça täze Kararnamanyň taslamasyny hödürlär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça täze Kararnamanyň taslamasyny hödürlär

view-icon 10
Türkmenistan BMG-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça täze Kararnamanyň taslamasyny hödürlär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, Türkmenistan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlär.

Resminama sebit merkeziniň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki möhüm ornuna baha bermäge hem-de onuň işini mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanýar.