Ï Aşgabat şäheriniň häkimi dogan şäherleriň birinji halkara forumyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň häkimi dogan şäherleriň birinji halkara forumyna gatnaşdy

view-icon 23

2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde dogan şäherleriň birinji halkara forumy geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow gatnaşdy.

Forum döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalarynyň we bilermenler jemgyýetçiliginiň 30-a golaý döwletden gelen wekillerini bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda şäherara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şäher dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de şäherleriň durnukly ösüşi boýunça öňdebaryjy tejribäni alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumda çykyş eden Aşgabat şäheriniň häkimi şäherleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmekde, sanlylaşdyrmak, ulag we inženerçilik düzümlerini ösdürmek, şeýle hem amatly şäher gurşawyny döretmek babatda öňdebaryjy tejribäni alyşmakdaky ähmiýetini belledi.

Çykyşda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Şeýle hem 2017-nji ýylda ýola goýlan Aşgabat bilen Daşkendiň dogan şäherler hökmündäki gatnaşyklarynyň hem-de medeni-ynsanperwer ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

Forumyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 145 ýyllygyna bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi. Onuň dowamynda gatnaşyjylara türkmen paýtagtynyň häzirki zaman şähergurluşygy, binagärçiligi, abadanlaşdyryş işleri we durnukly ösüş babatdaky gazananlary tanyşdyryldy.

Çykyşyň ahyrynda dogan şäherleriň birinji halkara forumynyň netijeleriniň halkara derejedäki şäherara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi.