Ï Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana

view-icon 14
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
Dünýä belli «Mollagara» – melheme baý şypahana
camera-icon
Andreý Pakulow

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň häzirki tomus möwsüminde melhemler mesgenine – «Mollagara» şypahanasyna dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýän adamlaryň yzy üzülmeýär.

Ajaýyp şypahananyň täze, döwrebap binalar toplumynyň düzümine jemi 6 gatly 500 orunlyk ýatymlaýyn we bejeriş-anyklaýyş bölümleri bolan binasy, 2 gatly 35 orunlyk gözellik merkezi, 3 gatly 170 orunlyk myhmanhanasy, durky düýpgöter täzelenen 2 gatly bejeriş-sagaldyş binasy, 30 orunlyk çagalar bölümi ýerleşdirilen binasy, 250 orunlyk naharhanasy girýär. Şeýle-de amfiteatr, kitaphana, internet-kafe, restorandyr dükanlar, dellekhana bar. Mundan başga-da şypahananyň işgärleri üçin niýetlenen 6 sany 123 öýli ýaşaýyş jaýlary, kömekçi desgalar bar.

Toplumda palçyk, duzly suw, fiziobejeriş, bedenterbiýe, bejeriş-anyklaýyş bölümlerinden başga-da, sowuk howa akymy, ýokary atmosfera basyşy, Garagumyň gyzgyn çägesi we ozon bilen bejeriş, gyzgyn daşlar, duzly, mineral howadan dem almak arkaly bejerişler kämil ýola goýlupdyr. Däp bolşy ýaly, şypahanada nerw, daýanç-hereket ulgamynyň, guragyry, ginekologiýa, peşew-jyns organlarynyň kesellerini bejermekde has-da döwrebap tejribeler toplanypdyr. Şeýle bolansoň bu ýerden şypa tapýanlaryň köplügi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Gyzgyn palçyk arkaly edilýän emler beden agzalary üçin has-da peýdalydyr. Palçykdyr suwly wanna nobatma-nobat kabul edilende, dyzlara, bogunlara duz ýygnanmagy, bil süňkleriniň sowuklamagy ýaly sökellikler-de gaýra tesýär. Şonuň ýaly-da palçyk kada laýyk gyzdyrylyp, ulanylmak bilen kentlewigiň sowuklamagynyň öňi alynýar. Gulak agyryny bejermekde, şeýle-de ýüze düşýän ýakallary, örgünleri aýyrmakda, tenimize näziklik bermekde, sowuklamany bejermekde-de bular özboluşly melhemdir. Gürrüňi edilýän toplumda oňurga ýiligine, süňküne zeper ýeten adamlara hem toplumlaýyn saglygyny dikeldiş-bejeriş çäreleri guralýar.

«Mollagaranyň» şypahana hökmünde meşhurlyga eýe bolmagynda onuň çägindäki kölüň ähmiýetem has ýokarydyr. Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine salgylansak, kölüň gyrmançaly gara palçygyna, şor suwuna taý geljek başga bir melhemler mesgeni Zemin ýüzünde-de seýrek bolmaly. Kölüň boýundaky gür ýylgyn tokaýlyga bürenen çägesöw topragynda hem täsin, özboluşly ösümlikleriň görnüşleri bar. Munuň özi, eziz Watanymyzyň gözel künjeginiň diňe derde dermanlyk suwy, palçygy bilen tapawutlanman, eýsem, arassa çägesiniň, amatly ekologik gurşawynyň hem tapylgysyz melhem bolup durýanlygydyr.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana 30 gektar meýdany tutup, özbaşdak ajaýyp şäherçäni ýada salýar. Meşhur şypahanada raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ýöriteleşdirilen merkezleriň, howuzyň, hammamyň, saunanyň, bilýard, tennis zallarynyň, sport meýdançalaryň, beýleki amatlyklaryň bolmagy şypahana bejergisiniň peýdaly, netijeli bolmagyna oňat täsirini ýetirýär. Olaryň ählisi ösen lukmançylyk enjamlarydyr zerur serişdeler bilen birkemsiz üpjün edilen.

– Tomusky dynç alyş möwsüminde «Mollagara» şypahanasyna dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýän raýatlaryň sany has köpelýär. Olar döwletimiz tarapyndan döredilen iň bir naýbaşy derejedäki nusgalyk şertlere buýsanyp, şypahana hyzmatlaryndan hoşallyk bilen peýdalanýarlar.

Biz geljekde-de raýatlarymyzyň hyzmatynda bolup, şypahana hyzmatlaryny ýokary isleglere laýyklykda guramak üçin zähmetimizi gaýgyrmarys. Şeýle-de saglygy goraýyş toplumynyň işgärleri barada, raýatlarymyz, halkymyz hakynda ýadawsyz aladalary edýän, hemme nusgalyk şertleridir mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris – diýip, Mollagara şypahanasynyň baş lukmany Amanmyrat Gylyçtaganow biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.