Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Boumediene Guennaddan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbunyň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi milli parlamentiň düzümi, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Boumediene Guennady Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ukyp-başarnyklary, ýokary şahsy häsiýetleri, tejribesi özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk hem-de dostlukly türkmen halkyna gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Abdelmajid Tebbun,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.