Ï Türkmenistan BMG-de «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany hödürlär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG-de «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany hödürlär

view-icon 118
Türkmenistan BMG-de «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany hödürlär

Türkmenistan «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlap, ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde agza döwletleriniň arasynda ýaýratmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabatynyň çäklerinde habar berdi.

Milli konsepsiýada halkara hukugynyň kadalary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň özara arabaglanyşygy giňişleýin beýan ediler. Şeýle hem 2026 – 2028-nji ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda öňdebaryjy milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda forumlaryň hem-de duşuşyklarynyň tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu çäreleriň geçirilmegi 2028-nji ýylda geçiriljek esasy halkara forumyň maksatnamasyny, esasy ugurlaryny hem-de bilermenler düzümini kemala getirmäge ýardam berer.