Ï Aşgabat ÝHHG we Şweýsariýa bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat ÝHHG we Şweýsariýa bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

view-icon 130

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu saparyň Türkmenistanyň hem ÝHHG, hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasy bilen gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek ýolunda möhüm ädim hökmünde garalýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň sebit we ählumumy ölçeglerde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen halkara özara baglanyşygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup yzygiderli çykyş edýändigi bellenildi. Bu ýagdaýda ýurdumyz ÝHHG-niň meýdançasynda tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

«Biziň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag mümkinçiliklerimizi doly ulanmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn şertlerimiz bar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşiklere aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp geçip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.