Ï 2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 59

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna yzygiderli eýerýär. Bu parahatçylyk söýüjilikli strategiýa Ýer ýüzüniň ähli sebitlerindäki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Häzirki döwürde Afrika yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklar täze derejä çykaryldy. 1-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Keniýa Respublikasynyň hem-de 29-njy iýulda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklar munuň şeýledigini aýdyň görkezdi. Duşuşyklaryň çäklerinde ilçiler ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Ýurdumyzy we Merkezi Aziýa döwletlerini däp bolan dost-doganlyga, özara ynama esaslanýan dialog baglanyşdyrýar. Gazagystan hem-de Özbegistan Türkmenistanyň ýakyn goňşularynyň hataryndadyr. Bu döwletler bilen gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Iýul aýynda Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler derejesinde geçirilen türkmen-gazak, türkmen-özbek gepleşikleriniň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Duşuşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Ýurdumyzyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryna hem netijeli häsiýet mahsusdyr. 3-nji iýulda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Işikawa Masakiniň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleriniň gün tertibine ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň giň ugurlardaky meseleleri girizildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara derejede, köptaraply görnüşde, şol sanda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Indoneziýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri, halkara hem-de sebit gün tertibiniň wajyp ugurlary gyzyklanma bildirilip pikir alşylan meseleleriň hatarynda boldy. Şunda ýurdumyzyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigi (ASEAN) bilen gatnaşyklaryny öz içine alýan meselelere üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen «Merkezi Aziýa — ASEAN» dialog görnüşini döretmek baradaky başlangyjyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Wekiliýetiň Jakarta şäherine saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Indoneziýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler, birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

16-njy iýulda Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyza sapar bilen gelen Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Çýo Hýon Dunuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda döwletara gatnaşyklarda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» parlamentara forumynyň ähmiýetine üns çekildi.

Türkmen-koreý gatnaşyklary sebitara derejede, şol sanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. 31-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti agzalan forumyň ýokary wezipeli wekilleriniň üçünji mejlisine gatnaşdy. Onuň gün tertibine öňde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa» sammitine taýýarlyk görmegiň meseleleri, şol sanda jemleýji resminamanyň taslamasy girizildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň sebit döwletleri we Koreýa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.

8-nji iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşy, bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada sapar bilen geldi. Mejlisde bellenilişi ýaly, Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Ilham Aliýewiň yzygiderli tagallalary esasynda döwletara gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy.

9-njy iýulda Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen geçirilen duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli häsiýeti, ýokary derejeli saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şunda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşine möhüm orun degişlidir.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. 2-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyz bilen bu guramanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti 13 — 15-nji iýul aralygynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumyň işine gatnaşdy. 2015-nji ýyldan bäri forum 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak maksady bilen, hökümetleriň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň, raýat jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemleýär. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri çaltlandyrmaga bagyşlanan ýokary derejeli sessiýalarynyň umumy pikir alyşmalarynda türkmen tarapynyň çykyşynda ýurdumyzyň agzalan Gün tertibiniň maksatlaryny milli derejede yzygiderli durmuşa geçirýändigi, olar bilen bagly wezipeleri, görkezijileri döwlet hem-de pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna ornaşdyrýandygy bellenildi.

20-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýurdumyzda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen geçirilen duşuşykda BMG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi, ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem taraplaryň Türkmenistanyň ileri tutulýan milli ugurlaryna we durnukly ösüş boýunça ählumumy wezipelere laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri, ýurdumyzyň BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlaryny, öz üstüne alan borçnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri girizildi. Şeýle-de abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri, öňde duran döwür üçin işiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda (ICESCO) synçy derejesine eýe bolmagy bilen baglylykda, ICESCO bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi.

21-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu abraýly sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekde, sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmekde özboluşly meýdança hökmünde ähmiýeti nygtaldy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň «Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna ygrarlydygy nobatdaky gezek tassyklanyldy. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň 22-nji iýulda geçirilen açyk pikir alyşmalaryň dowamynda eden çykyşynda ýurdumyzyň möhüm ugurlar boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi. Bu başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 30-dan gowrak Kararnamasynda öz beýanyny tapdy.

24-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hukugyň üpjün edilmegini ilerletmäge, parahatçylyk medeniýetini, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aýdyň görkezdi. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen bu resminamanyň awtordaşy bolup 78 döwlet çykyş etdi.

Garaşsyz Watanymyzyň daşary syýasatynda ýewropa ugruna hem möhüm orun berilýär. Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherinde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň bu görnüşine sebit döwletleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň mümkinçiliklerini durnukly ösüşiň bähbidine birleşdirmäge, özara baglanyşygy giňeltmäge we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli gural hökmünde uly ähmiýet berýändigi aýdyldy. Şu nukdaýnazardan, Bitarap Türkmenistanyň ýüze çykýan dawalary syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmak ýörelgelerine ygrarlydygy tassyklanyldy. Şunda halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünlerine we ýörelgelerine berk eýermek, köptaraplaýyn diplomatiýany öňe sürmek, BMG-niň utgaşdyryjy merkezi ornuny saklamak baş şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň Brýussele saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hem Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. 15-nji iýulda Daşary işler ministrliginde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine, ýurdumyzyň möhüm logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuna aýratyn üns berildi. Munuň özi ulag we logistika düzümini ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleri döredýär.

18-nji iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 65-nji mejlisinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar ekologiýa sammiti bilen bagly resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen birlikde, mejlisiň gün tertibine Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri we olaryň guramaçylyk meseleleri girizildi.

20-nji iýulda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibindäki meseleler, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlary barada pikir alşyldy.

29-njy iýulda iş sapary bilen paýtagtymyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan ynsanperwer gatnaşyklara üns çekildi.

27-nji iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleriniň ähmiýeti nygtaldy.

28-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň departament başlyklarynyň derejesinde sanly ulgam arkaly ilkinji syýasy geňeşmeler geçirilip, onda döwletara syýasy-diplomatik dialogy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy ilerletmek ugrunda taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigi bellenildi. Şeýle-de dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

26-njy iýulda Ankarada daşary syýasat edaralarynyň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň dowamynda däp bolan ýokary derejedäki döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Gepleşikleriň gün tertibine türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmak, degişli şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda bu iri halkara maliýe guramasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ugruny işjeň goldaýandygy nygtaldy. Şunda “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegi, sebitleýin gatnaşyklar we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy möhüm ugurlar hökmünde çykyş edýär. ÝTÖB-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine ýokary baha berip, iri maliýe düzüminiň netijeli gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge, täze institusional we infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarydyr düzümleri bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň birnäçe geljegi uly ugurlary boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýurdumyzy Hytaý Halk Respublikasy bilen ýakyn dostluk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. 30-njy iýulda Pekinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanyp geçirilen Türkmen-hytaý dialogy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Dialog Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy we “China-Turkmenistan Business Council Ltd.” guramasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çärä türkmen diplomatlary, talyplar, görnükli hytaý syýasatşynaslary, jemgyýetçilik işgärleri, Halkara parahatçylyk gaznasynyň, Sinhaý we Gansu welaýatlarynyň ylym-bilim edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda döwletara gatnaşyklarda ýetilen sepgitler we öňde goýlan maksatlar barada pikir alşyldy.

Şeýlelikde, geçen aýda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara derejeli çäreler Bitarap Watanymyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezýär. Bu syýasat netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge, ählumumy abadançylygyň bähbidine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.