Ï Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we BMG-niň «Halkara hukugyň ýyly, 2028» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we BMG-niň «Halkara hukugyň ýyly, 2028» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

view-icon 91
Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we BMG-niň «Halkara hukugyň ýyly, 2028» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň « Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Bu çärä Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň professor-alymlary, Azerbaýjan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, onuň işiniň döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, demokratik institutlary ösdürmäge, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga hem-de ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendigi bellenildi.

Şeýle hem şu ýylyň 23-nii sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi, onda döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem tanyşdyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamanyň 78 döwletiň awtordaşlygynda ylalaşyk esasynda kabul edilendigi, munuň bolsa Türkmenistanyň halkara hukugyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmaga, konstruktiw halkara dialogyny ösdürmäge we BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlaryna giň halkara goldawynyň nyşanydygy bellenildi.