Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen duşuşygy geçirildi

view-icon 86

2026-njy ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine garadylar.

Hususan-da, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilim we sport babatdaky gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guramaçylyk meselelerine garaldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meseleleri boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge hem-de konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.