Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Hazar deňziniň güni hem-de «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girizilmegi bilen, ýurdumyzda her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni giňden bellenilýär. Gojaman Hazar dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde giňden tanalýar. Ol özüniň gaýtalanmajak tebigy aýratynlyklary, baý biologik köpdürlüligi, ykdysady, geosyýasy ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Taryhyň dowamynda Hazar halklary birleşdirip, olaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňaýly şertleri döredip geldi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2002-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen birinji Hazar sammiti Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Bu duşuşyk sebitde syýasy dialogy ösdürmäge, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga we Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny hem-de deňiz gurşawyny goramak boýunça halkara hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen wajyp çözgütleriň kabul edilmegine ýol açdy. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň kabul edilmegi Hazarýaka döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Türkmenistan Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. 2012-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ekologiýa forumy ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň we tagallalarynyň anyk beýanyna öwrüldi. Bu forum Hazar deňziniň ekoulgamyny, daşky gurşawy goramak boýunça tejribe alyşmak, ylmy gözlegleri ösdürmek, degişli döwlet edaralarynyň we halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ýurdumyz Hazar sebitiniň ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ulag-logistika, energetika, senagat, söwda ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça hem başlangyçlary öňe sürýär. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde täze mümkinçilikleri açdy. Forumda ulag, energetika, maýa goýum, innowasiýa we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen altynjy Hazar sammiti Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm waka boldy. Bu ýokary derejeli duşuşykda syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.
Türkmenistan Hazar deňziniň halkara ulag ulgamyndaky ähmiýetini hem yzygiderli ýokarlandyrýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döwrebap mümkinçilikleri ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda wajyp ulag-logistika merkezleriniň birine öwrülmegine ýardam berýär. Ol sebit döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge uly goşant goşýar.
Häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän ekologik hadysalar tebigaty goramakda döwletlerden tagallalary birleşdirmegi talap edýär. Howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň goralmagy, deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak ýaly meseleler diňe bir aýry-aýry döwletleriň däl-de, eýsem, bütin halkara jemgyýetçiligiň umumy wezipesidir. Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny, biologik köpdürlüligini, seýrek duş gelýän ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu ugurda halkara guramalar, Hazarýaka döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň öňe sürýän Hazar ekologik başlangyjy deňziň ekoulgamyny goramakda, tagallalary birleşdirmekde, geljek nesiller üçin bu täsin tebigy baýlygy aýawly saklamakda möhüm ädimleriň biridir.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilýän şu günki ylmy-amaly maslahat hem-de beýleki çäreler deňziň tebigy baýlyklaryny goramak, ylmy taýdan öwrenmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek we Hazarýaka döwletleriň dostlukly gatnaşyklaryny has-da ösdürmek babatda uly ähmiýete eýedir. Sizi Hazar deňziniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.